Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan: Saýlawlarda häkimiýetdäki partiýa ýeňiş gazandy


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan.

Resmi netijeler 2-nji aprelde geçen parlament saýlawlarynda, Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň häkimiýet başyndaky “Respublikan partiýasynyň” sesleriň 50 prosente golaýyny alyp, ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

3-nji aprelde Merkezi saýlaw komissiýasy saýlaw nokatlarynyň ählisinde diýen ýaly sesleriň sanalyp tamamlanandygyny, Respublikan partiýasynyň 49.15 % ses almak bilen ýeňiji bolandygyny aýtdy. Orsýetçi tütjar Gagik Tsarukýanyň ýolbaşçylygyndaky “Tsarukýan bileleşigi” hem 27.37 % ses alypdyr.

Respublikan partiýasynyň sözçüsi Eduard Şarmazanow metbugat ýygnagynda netijelere salgylanyp, partiýanyň “täze hökümeti düzmäge ähli şansy bar” diýdi. Ermenistanda geljek ýyldan parlament sistemasyna geçilýär.

Saýlaw komissiýasynyň bellemegine görä, Günbataryň tarapyny çalýan “Ýelk” ýaranlygy sesleriň 7.78 prosentini gazanypdyr. Bu hem onuň parlamente girmegi üçin ýeterlik.

Komissiýa häzir häkimiýet başyndaky koalisiýada bolan milletçi partiýa Ermenistanyň rewolýusion federasiýasy hem 6.58 prosent bilen parlamente girer diýen pikirden ugur alýar.

2-nji aprelde geçen ses berişlige ses bermäge hukukly ilatyň 60.86 prosenti gatnaşypdyr.

Sarkisýanyň Respublikan partiýasy täze hökümeti düzmäge ýeterlik ses alyp bilmese, Tsarukian bileleşigi bilen Ermenistanyň rewolýusion federasiýasy mümkin koalision ýaranlar bolup durýarlar.

Ses berişlikde dokuz partiýa bäsleşige çykdylar. Giden kampaniýada köplenç üns merkezinde bolan 3 million ilatly ýurtdaky ykdysady kynçylyklar boldy.

Öňki sowet respublikasynda içerki önüm 2015-nji ýylda 3 prosent bolan bolsa, öten ýyl aşaklap, 0.2 prosente geldi. Ýurduň ykdysadyýeti berk Orsýete garaşly.

2015-nji ýylda geçirilen referendumda baş kanuna girizilmegi oňlanan üýtgetmeler netijesinde, indi premýer-ministriň ygtyýarlyklary güýçlendiriler.

Bu üýtgetmeler Sarkisýanyň ikinji we ahyrky möhleti 2018-nji ýylda tamamlanyndan soňra amala aşyrylar. Tankytçylar bu üýtgetmeleriň onuň iki möhlet bilen çäklendirilen prezidentliginden soňra hem häkimiýet başynda galmagy üçin edilendigini aýdýarlar.

Sarkisýan muny inkär edýär. Ýöne onuň partiýasy häkimiýet başynda galsa, onda ol premýer-ministr bolup, işini dowam etdirip bilýär.

Sarkisýanyň partiýasy özbaşdak hökümet gurmak üçin ýeterlik ses alyp bilmese, Tsarukýanyň onuň bilen ýaranlygy girip-girmejegi saýlawdan öň belli däldi.

Tsarukýan ýaranlykdan aýrylyp, özüni oppozision güýç diýip yglan etmezden öň, Respublikan partiýasynyň koalision ýaranydy.

Parlamentde orun alyp bilmek üçin, partiýalara azyndan sesleriň 5 prosenti, ýaranlyklara hem azynda 7 prosenti gerek.

Saýlawdan birnäçe gün ozal Birleşen Ştatlaryň Ýerewandaky ilçihanasy Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa we Britaniýa bilen birlikde beýannama çykaryp, 5-nji martda kampaniýa başlaly bäri bolandygy aýdylýan bidüzgünçilikler barada alada bildirdi.

29-njy martda çykarylan beýannamada diplomatlaryň “saýlawçylaryň gorkuzylmagy, sesleri satyn almaga bolan synanyşyklar we belli bäşdeş partiýalara kömek etmek üçin, administratiw çeşmelerden peýdalanyldy” diýilýänlerden habarly we alada döredýändigi aýdylýar.

Mysal üçin, saýlaw güni Respublikan partiýasynyň kampaniýa edarasynda sesler satyn alyndy diýilýän gürrüňler hakda barlag geçiren Azatlyk Radiosynyň bir habarçysyna Ýerewanyň Kond mähellesinde hüjüm edildi.

Syýasy analizçileriň aýtmagyna görä, adamlar Ermenistanyň ykdysady problemalary barada indi 2015-nji ýyldakydan has gaharly. Adamlary Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde galmalymy ýa-da Ýewropa bilen ýakynrak integrasiýa ymtylmaly diýen sorag däl-de, aýlyk haklarynyň aşakdygy, ýokary inflýasiýa, işsizlik we korrupsiýa gyzyklandyrýar.

XS
SM
MD
LG