Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar biometriki pasporty internet arkaly diňe ýurduň içinden alyp bilýär


Türkmenistanyň pasporty.
Türkmenistanyň pasporty.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz biometriki pasportyny indi internet arkaly taýýarladyp bilýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi websaýtynda biometriki pasporty almak üçin ýüzlenmäge we onuň taýýarlyk derejesini yzarlamaga mümkinçilik berýän elektron hyzmaty göz öňünde tutulypdyr.

“Türkmen habarlar gullugynyň” maglumatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bu elektron hyzmatdan şu ýylyň 1-nji aprelinden başlap peýdalanyp bilýändigi aýdylýar. Emma ýurduň daşyndaky raýatlar üçin, Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi websaýtyndaky bu sahypa girmek henizem çäkli bolmagynda galýar.

Websaýtyň “Online hyzmatlar” bölümine girip, “Biometriki pasporty almak üçin elektron ýüztutma” we “Biometriki pasporty almak üçin tabşyran arzaňyzyň ýagdaýyny barlamak” düwmelerine basanyňda, olaryň ikisi-de raýatlary boş sahypa ugrukdyrýar.

Diňe ýurduň içindäki raýatlar üçin niýetlenen

Azatlyk Radiosy munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna jaň edende, bu gullygyň Aşgabatdaky edarasynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi agzalýan elektron hyzmatdan häzirlikçe diňe ýurduň içindäki raýatlaryň peýdalanyp bilýändigini, daşary ýurtdaky türkmenistanlylaryň bolsa, biometriki pasport almak ýa-da çalyşmak üçin öňküsi ýaly Türkmenistana gelmelidigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu elektron hyzmat arkaly, ýurduň içindäki raýatlar öz arzalaryny we resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Raýatlaryň arzasy we resminamalary gözden geçirilenden soň, olaryň öz suratlaryny we barmak yzyny tabşyrmak üçin haçan we nirä gelmelidigi habar berilýär.

Aşgabatdaky Migrasiýa gullugynyň jogapkär resmisi bu hyzmatyň geljekde daşary ýurtdaky türkmenistanlylar üçin hem ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, emma munuň haçan amala aşjakdygy barada özünde hiç bir maglumatyň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýedi punktdan ybarat anketa

“SNG.TODAY” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň raýatlary biometriki pasporty almak ýa-da çalyşmak üçin arza tabşyranlarynda, ol ýerde öz telefon belgilerini görkezmeli bolarlar we şol belgä hem olaryň arzasynyň kabul edilendigi barada ýörite kod ugradylar.

“Türkmen raýatlary Döwlet Migrasiýa gullugynyň websaýtyndaky elektron hyzmat arkaly biometriki pasporty almak üçin 7 punktdan ybarat anketany doldurmaly, suraty we beýleki resminamalary sepleşdirmeli” diýip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Türkmenistanyň biometriki pasporty raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagy we ýurda dolanmagy üçin zerur. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan taýýarlanýan bu dokument kämillik ýaşyna ýeten raýatlara 10 ýyl, 16 ýaşyna ýetmedik çagalara 5 ýyl möhlet bilen berilýär.

Türkmenistan biometriki pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulynda kabul etdi. Mundan öň türkmenistanlylar ýurduň daşyna Türkmenistanyň raýatynyň pasporty esasynda syýahat edýärdiler.

Käbir synçylar biometriki pasportyň girizilmegi bilen Türkmenistanyň daşynda zähmet çekýän müňlerçe raýatyň köne pasportyň öz güýjüni ýitirmegi sebäpli, ýurduna dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG