Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Türkmenistandaky ýagdaýy üýtgetmek üçin 'ähli mümkinçilikden peýdalanmaly’


Urmas Paet.
Urmas Paet.

Ýewropa parlamentiniň deputaty, Estoniýanyň sagçy-liberal partiýasyndan Urmas Paet Türkmenistanyň zähmet-düzediş edaralaryndaky adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada, Ýewropa Komissiýasyna ýüzlendi diýip, “Gündogar” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 8-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, Paetiň Ýewropa parlamentiniň resmi websaýtynda ýaýradylan ýüzlenmesinde, Türkmenistanyň türmelerinde zorlukly ýitirim edilen adamlar baradaky meseläniň birnäçe gezek gozgalandygyna we türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt diplomatlaryna tussaglar bilen duşuşmaga wada berendigine garamazdan, munuň henizem durmuşa geçirilmändigi we olaryň wadalarynyň diňe söz bolmagynda galýandygy aýdylýar.

“Zorlukly ýitirim edilenleriň sanawynda azyndan 87 adamyň ady bar. 13-nji ýanwarda olardan biri, türmede 15 ýyl saklanan Tirkiş Tyrmyýew aradan çykdy. Dürli hukuk toparlarynyň habarlaryna görä, Tyrmyýewiň maşgalasy ýowuz basyşa sezewar edilýär” diýip, estoniýaly deputat aýdýar.

Şeýle-de, maglumatda tussaglaryň zorlukly ýitirim edilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara şertnamalarynyň bozulmasydygy bellenilip, “Ýewropa Bileleşigi bu ýagdaýy üýtgetmek, adamlaryň zorlukly ýitirim edilmeginiň öňüni almak we tussaglaryň öz maşgala agzalary we aklawçylary bilen duşuşmagy, şeýle-de halkara synçylarynyň ýurda goýberilmegi üçin, ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydyr” diýilýär.

Sorag ýene haçan gozgalar?

Estoniýanyň Ýewropa parlamentindäki wekili ýüzlenmesiniň soňunda – Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandaky ýagdaýy gowulandyrmak üçin näme edip biler? Şu sorag Ýewropa Bileleşigi derejesinde ýene haçan gozgalar? Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tamamlanmak prosesine nähili täsir ýetirer? – diýen soraglary berýär.

Onuň bu soraglaryna Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini jogap berip, ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky adam hukuklaryny yzarlaýandygyny we bu meseläni gozgamak üçin, her bir mümkinçilikden peýdalanýandygyny aýdýar.

“2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik geňeşiniň Wenada geçirilen ýygnagynda, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi we Tyrmyýewiň meselesi barada anyk sorag goýup, türkmen häkimiýetlerini onuň türmede ölmegini hemmetaraplaýyn derňemäge çagyrdy” diýip, Mogerini belleýär.

Şeýle-de, ol şu ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki ýurtlaryň diplomatlarynyň Daşoguzdaky aýallar koloniýasyna baryp görendigini we munuň türkmen häkimiýetleriniň çakylygy esasynda döwlet edaralaryna amala aşyrylan üçünji sapardygyny nygtady.

Indiki dialog aprelde bolar

Mogerininiň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşigi ýitirim edilen tussaglaryň saklanylýandygy aýdylýan düzediş edaralaryna sapar etmek üçin hem rugsat soramagy dowam etdirer.

Habarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary baradaky indiki dialogyň şu ýylyň aprelinde, Aşgabatda geçiriljekdigi aýdylýar.

Bu duşuşykda ÝB Türkmenistany raýat jemgyýetine girizilen çäklendirmeleri ýatyrmaga, ýitirim bolan adamlaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyrmakçy bolýar.

Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birlikde, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi Türkmenistandaky adamlaryň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilmegi, soňy bilen-de türkmen türmelerinde dereksiz ýitirilmegi, şeýle-de, 2001-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalar bilen ilteşikli tussag edilenleriň ykbaly barada aladalanma bildirýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişiginiň jemleýji synyny çap edip, onda türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew ýaly garaşsyz žurnalistleri we adam hukuklary boýunça aktiwistleri yzarlamagyna, basyş, tussag etmegine alada bildirdi.

XS
SM
MD
LG