Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan, Täjigistan 25 ýyldan soň özara howa gatnawyny dikeltdiler


Duşenbäniň halkara aeroporty, 21-nji mart, 2017.
Duşenbäniň halkara aeroporty, 21-nji mart, 2017.

Özbegistanyň milli howa ýollary Daşkendiň we Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň arasynda 25 ýyl mundan ozal ýatyrylan howa gatnawyny gaýtadan dikeltdi.

Döwletiň eýeçiligindäki Özbegistan howa ýollarynyň 29 ýolagçyny alyp baran uçary 11-nji aprelde Duşenbäniň halkara aeroportunda gondy.

Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň arasyndaky yzygiderli ýolagçy gatnawy fewral aýynda dikeldilmelidi, emma taraplaryň “tehniki” we “dokumentleşdirme” ýagdaýlary bilen düşündiren sebäplerine görä birnäçe gezek yza tesdirilipdi.

Özbegistan howa ýollary Airbus A-320 kysymly ýolagçy uçarynyň Täjigistana hepdede iki gezek gatnamagyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar tranzit transport ýollarynyň, serhet howpsuzlygynyň we suw resurslarynyň üstündäki dawalar sebäpli ençeme ýyl bäri ýaramazlygyna galýar.

XS
SM
MD
LG