Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Ýapyk” ýurt


Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň işgäri

Türkmenistan raýatlaryň hökümetiň alyp barýan syýasatyna närazylygyny bildirmegine garşy gorkyny we ýowuz çäreleri ulanýan ýurtlaryň biri bolup durýar diýip, CIVICUS guramasynyň soňky hasabatynda nygtalýar.

Dünýäniň 195 ýurdundaky graždançylyk jemgyýetiniň ýagdaýyny seljeren bu gurama syn eden döwletlerini “Ýapyk”, “Repressiw”, “Graždan jemgyýetçiligine päsgelçilik berýän”, “Graždan jemgyýetçiligi çäklendirýän” we “Açyk” diýen toparlara böldi.

Hasabatyň “Ýapyk” toparynda ady geçýän Türkmenistanda adamlaryň özüni açyk we erkin beýan etmegine kanuny taýdan mümkinçilikleriň berilýändigine garamazdan, iş ýüzünde hökümetiň media serişdelerine berk gözegçilik edip, garaşsyz maglumatlaryň öňüni alýandygy bellenilýär.

CIVICUS guramasy ýurduň prezidentine töhmet atmagyň onuň saglygyna we janyna kast etmek bilen deňeçer derejede tutulýandygyny, munuň üçin türme tussaglygynyň-da göz öňünde tutulandygyny ýatladýar.

Guramanyň belleýşi ýaly, türkmen häkimiýetleri belli-belli saýtlary petikläp, ýurtda iş alyp barýan sanlyja erkin žurnalistleri hem tussag edip, gorkuzyp, olara basyş edýär.

Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň 43-nji maddasy adamlaryň erkin ýygnanmak hakyna kepil geçýän-de bolsa, ýurtda protestler kän geçirilmeýär, diýip hasabatda bellenilýär. Muňa bir tarapdan, raýatlar özleriniň protest geçirmek hukukyny bilmeseler, beýleki tarapdan-da, hökümetiň ar almak gorkusynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.

CIVICUS guramasy Türkmenistan bilen bir hatarda “Ýapyk” toparyna ýene 19, şol sanda: Demirgazyk Koreýa, Eýran, Özbegistan ýaly döwletleri hem goşupdyr.

Merkezi Aziýa döwletlerinden Täjigistan “Repressiw”, Gazagystan bilen Gyrgyzystan hem “Graždan jemgyýetçiligine päsgelçilik berýän” toparlarda ýerleşdirildiler.

CIVICUS bähbit aramaýan, hökümete degişli däl gurama bolup, ol 1993-nji ýylda esaslandyrylypdy. Dünýäniň 145 çemesi ýurdunda wekili bolan bu Gurama özüniň maksadynyň “dünýä boýunça graždanlyk hereketini we jemgyýetini güýçlendirmekden” ybaratdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG