Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly şübheli Stokgolm hüjümini amala aşyrandygyny boýun alýar


Adamlar Stokgolmdaky hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna "Sergels Torg" meýdançasyna gül goýýarlar.
Adamlar Stokgolmdaky hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna "Sergels Torg" meýdançasyna gül goýýarlar.

Geçen hepde Stokgolmda ýük ulagyny märekäniň üstüne sürüp, dört adamy öldürenlikde güman edilýän 39 ýaşly özbegistanly Rahmat Akilow aklawçysynyň aýtmagyna görä, özüniň bu terroristik hereketi amala aşyrandygyny boýun alýar.

11-nji aprelde jenaýat işi açylandan öň Akilowyň tussaglykda saklanyp-saklanmazlygy barada Stokgolmda geçen kazyýet diňlenişinde, onuň aklawçysy Johan Eriksson: “Akilow terroristik jenaýaty boýun alýar we tussaglykda galmagyny kabul edýär” diýdi.

Kazyýetiň dokumentlerinde Akilow Özbegistanyň raýaty diýilýär.

Baş prokuroryň orunbasary Hans Ihrman Akilowyň terroristik hereketi amala aşyranlykda aýyplanylýandygyny tassyklady.

Aklawçynyň beýanatyndan soňra kazyýet diňlenişigi, prokurorlygyň haýyşy boýunça, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Kazyýetiň daşynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Akilow ýük ulagyny ogurlap, 7-nji aprelde Stokgolmyň merkezinde ýerleşýän uly uniwermagyň öňünde duran märekäniň üstünden sürüp, dört adamy öldürmekde, 15 adamy hem ýaralamakda aýyplanýar. Öldürilenleriň ikisi şwed, biri britaniýaly, beýlekisi hem belgiýaly bir aýal.

Gurluşyk işçisi bolan we Şwesiýada hemişelik galmak boýunça beren haýyşnamasy ret edilen Akilow hüjümden birnäçe sagat soňra Stokgolmyň demirgazygynda bir mähellede ele salyndy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, haýyşnamasy ret edileninden soňra ýurtdan çykarylmagy üçin, häkimiýetler tarapyndan gözlenýän Akilow Şwesiýada gizlin ýaşapdyr.

Şwed häkimiýetleri Akilowyň ekstremistik guramalara, şol sanda “Yslam döwleti” diýilýän topara hem raýdaşlyk bildirendigi mälim diýýärler.

Hüjüm bilen baglylykda 9-njy aprelde ýene bir adam tutulypdyr. Ýöne polisiýa onuň kimdigini mälim etmekden saklanýar.

7-nji aprelde bolan hüjümden bäri häkimiýetler derňewleriň çäginde Stokgolmyň özünde we töwereginde 600-den gowrak adamy soraga çekip, ençeme ýerde reýd geçirdiler.

XS
SM
MD
LG