Türkiýede okaýan türkmen studentleriniň wekilleri häzir Türkmenistandaky maşgalalarynyň yzlaryndan iberjek bolýan pul kömegini almakda uly kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýede bilim almak barasynda maglumat sorap ýüz tutýan diňleýjileriň isleglerini nazarda tutup, Türkiýede ýokary bilim almagyň şertlerine gönükdirýär.
Gepleşigimiziň myhmanlary Türkiýede bilim alýan türkmen studentleri Gözel bilen Myrat, olar öz tejribelerinden ugur alyp, türk ýokary okuw jaýlaryna girmegiň we student bolup ýaşamagyň şertleri barasynda maglumat berýärler.
Gözel bilen Myradyň studentlik hakda beren maglumatlaryny diňläp, bu ugurda öz tejribeleriňizi hem aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp, dünýä türkmenleri bilen paýlaşyp bilersiňiz.
Teswirleri gör (5)
Has köp teswir ýükle