Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türk saýlaw resmileri referendumyň kanunydygyny aýdýarlar


Prezident Rejep Taýýyp Erdogan

Türkiýäniň saýlaw organynyň başlygy 16-njy aprelde geçen referendumyň prezident Rejep Taýýyp Erdogana täze ygtyýarlyklar berýän netijeleri kanuny diýýär.

Sadi Güwen bu beýanaty oppozision Respublikan Halk Partiýasy bidüzgünçilikleriň bolandygyny, şol sanda ses berlişikde möhürsiz saýlaw býulletenleriniň ulanylandygyny aýdýanyndan soňra etdi.

Türkiýäniň Merkezi saýlaw komiteti 16-nji aprelde gijara “hawa” diýlip berlen sesleriň 51.3 prosent bilen utujy bolandygyny yglan etdi. Jedelli referendum Erdogana 2029-nj ýyla çenli häkimiýet başynda galmaga mümkinçilik berýän 18 sany konstitusion düzedişleri öz içine alýar.

Netijeler tutuşTürkiýede dabara hem-de protestler bilen garşylandy.

Respublikan Halk Partiýasy saýlaw býulletenleriniň 60 prosentiniň täzeden sanalmagyny talap edýär.

Bu aralykda premýer-ministriň orunbasary Mehmet Şimşek netijerden soňra wagtyndan öň täze saýlaw geçirilmejekdigini aýtdy.

Ondan ozal Erdogan öz täze ygtyýarlyklaryndan peýdalanmak üçin, wagtyndan oň saýlaw geçirilmegine çagyrar diýip çaklanylypdy.

Prezident Erdogan 16-nji aprelde “açyk ýeňşi” yglan edip, referendumdan soňraky döwür üçin ýurduň strategiýasyny kesgitlemäge başlady.

Ol “ilkinji wezipe” ölüm jezasyny täzden girizmek meselesini ele almak bolar diýdi. Bu hem ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky islegini bökdejek zat. Türkiýe ölüm jezasyny Ýewropa Bileleşigine agzalyk üçin beren haýyşnamasynyň çäginde, 2004-nji ýylda ýatyrdy.

Günbatar ýurtlary referendum prezidente aşa köp ygtyýarlyk berer diýip alada bildiripdiler.

Erdoganyň tarapdarlary Türkiýede durnuklylygy ornatmak üçin, düzedişler gerek diýýärler. Olar bu barada ýurduň gündogaryndaky kürt pitneçiligine we goňşy Siriýada barýan graždanlyk urşy zerarly gelip ýurda guýulýan bosgunlara salgylanýarlar.

Respublikan Halk Partiýasy sesleriň sanalmagy baradaky düzgüne soňky salymda girizilen üýtgetmeler berk bäsleşikli referendumda aldawa ýol açdy diýip, saýlaw häkimiýetlerini tankytlady.

Bu partiýanyň başlygy Kemal Kylyçdarogly öz partiýasynyň “hawa” sesini kabul etmejekdigini aýdyp, “bu referendum başga bir hakykaty aýdyň etdi, adamlaryň azynda 50 prosenti “ýok” diýip sese berdi” diýdi.

Ýewropa Komissiýasy netijeleri bellige alandygyny we “aýdylýan bidüzgünçilikler” hakda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şeýle hem Halkara synçy missiýasynyň maglumatlaryna garaşýandygyny bildirdi.

Komissiýa konstitusion düzedişleriň ýerine ýetirilişine “Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine dalaşgär we Ýewropa Geňeşine agza ýurt çäginde garaljakdygyny aýtdy.

“Biz şeýle hem türk häkimiýetlerini düzedişleriň ýerine ýetirilişinde mümkin boldugyça giň gerimli milli agzybirlige çagyrýarys” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy aýtdy.

Düzedişlerde premýer-ministrlik wezipesi ýatyrylyp, prezidente köp meselelerde, şol sanda býujet we parlamentden maslahatsyz adatdan daşary ýagdaý girizmek babatda hem ýgtyýarlyk berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG