Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler täjik-özbek serhedindäki ok atyşyk barada gapma-garşy maglumat berýärler


Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet

Täjigistanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri iki ýurduň serhedinde 15-nji aprelde bir täjigistanlynyň öldürilmegi bilen bagly ýagdaý barada gapma-garşy düşündiriş berýärler.

Täjigistanyň serhet gullugy özbek serhetçileriniň Täjigistanyň territoriýasyna bikanun girip, bir täjigistanlyny atyp öldürendigini we ýene birini ýaralandygyny 17-nji aprelde AÝ/AR-na habar berdiler.

Munuň öňüsyrasynda Özbegistanyň Döwlet serhedini goramak boýunça komiteti özbek serhetçileriniň özlerine hüjüm eden üç täjik çopanyndan goranmak üçin ok atmaga mejbur bolandygyny aýdýarlar.

Özbek resmilerine görä, ok atyşyk 15-nji aprelde täjik çopanlarynyň öz sürüsi bilen Özbegistanyň territoriýasyna 50 metr aralyga girmeginden soň ýüze çykypdyr.

Iki ýurduň arasyndaky 1400 kilometrlik umumy serhediň bäşden bir bölegi kesgitlenmedik.

Öňki sowet ýurtlary Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky serhetýaka regionlarda häli-şindi heläkçilikli wakalar bolup geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG