Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ç)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ç)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen goňşy Gazagystana bardy.

Prezident Berdimuhamedow 18-nji aprelde Astanada Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirdi.

Nazarbaýew Türkmenistany “biziň ýakyn dogan goňşymyz” diýip atlandyrdy we Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň garaşsyzlygyny yglan eden iki ýurduň arasynda 25 ýylyň dowamynda çözüp bolmajak problemalaryň ýokdugyny aýtdy.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystanyň içerki, regional we halkara inisiatiwalaryny goldaýandygyny mälim etdi, emma takyk maglumat bermedi.

Energiýa serişdelerine baý iki ýurduň prezidentleriniň gepleşiginiň netijesinde uly ylalaşyklaryň baglaşylmagyna garaşylmaýar, emma Nazarbaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli käbir dokumentlere gol çekiljegini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG