Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Astana bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen 18-nji aprelde Gazagystanyň paýtagty Astana bardy.

Berdimuhamedowy gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň “Akorda” rezidensiýasynda garşy aldy. Nazarbaýew türkmen prezidentiniň Astana edýän saparynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25-nji ýyl dönümi bellenilýän mahaly amala aşýandygyny belledi.

Türkmen prezidenti hem öz gezeginde, Türkmenistan bilen Gazagystanyň ähliumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, şeýle-de halkara terrorizmine, ekstremizmine garşy göreşmek we Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegi boýunça umumy garaýyşlara eýedigini aýtdy.

Gazak media serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, iki taraplaýyn geçirilen gepleşikleriň netijesinde Gazagystan bilen Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky serhet meselesini doly çözjek strategik hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol goýýar.

“Şu gün biz Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyga gol goýýarys. Bu ylalaşyk esasynda ösüşiň täze tapgyrlaryna geçýäris. Gazagystan we Türkmenistan serhetýaka problemalary bolmadyk ýeke-täk iki ýurt bolar” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Emma şol bir wagtyň özünde-de, bu ylalaşygyň netijesinde anyk nähili serhet meselesiniň göz öňünde tutulýandygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, mundan öň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň türkmen tarapynyň islegi esasynda ýatyrylmagy ýaly wakalar wagtal-wagtal ýüze çykýardy.

Şonda Gazagystanyň Serhet gullugynyň käbir resmileri munuň sebäplerini türkmen tarapynyň serhet araçäklerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi we döwlet baştutanynyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşdyrýardylar.

Mundan öň Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň 12-nji aprele planlaşdyrylandygy habar berlipdi. Has dogrusy, 5-nji aprelde Gazagystanyň daşary işler ministri Gaýrat Abdrahmanow türkmen prezidentiniň Gazagystana geçen hepdäniň çarşenbe güni sapar etjekdigini yglan edipdi.

Emma soňra gazak baş diplomaty bu saparyň yza süýşürilendigini aýdyp, Berdimuhamedowyň 18-19-njy aprelde Astana barjakdygyny mälim etdi.

Mundan soň, has takygy 14-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň geçiren hökümet maslahatynda hem türkmen lideriniň 18-19-njy aprelde Gazagystan respublikasynda döwlet saparynda boljakdygy habar berildi.

Türkmenistan öz goňşy döwletleriniň arasynda iň az serhet araçägini Gazagystan bilen paýlaşýar, onuň uzynlygy 379 kilometre barabar.

XS
SM
MD
LG