Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HAS-yň Kiýewiň Russiýa garşy şikaýatnamasy barada karar çykarmagyna garaşylýar


Halkara adalat sudunyň (HAS) kazylary.

Halkara adalat sudunyň (HAS) “Russiýanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere maliýe we harby goldawy” diýlip atlandyrylýan çäresi barada Kiýewiň beren arzasy dogrusynda karar çykarmagyna garaşylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Gagadaky sudy Russiýa garşy wagtlaýyn çäreleri kabul etmek barada Ukrainanyň eden haýyşy dogrusyndaky karary 19-njy aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da çykarar.

Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele salyp, şol ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada dowam edýän uruşda separatistleri goldady. Bu uruşda häzire çenli 9.900-den gowrak adam öldürildi.

Kiýewiň şu ýylyň ýanwar aýynda Halkara adalat suduna ugradan şikaýatnamasynda aýdylmagyna görä, Orsýet 2014-nji ýyldan bäri Ukrainanyň içki işlerine harby taýdan garyşmagy artdyrypdyr. Şeýle hem ol terrorçylykly işleri maliýeleşdirmek bilen millionlarça ukrain raýatynyň adam hukuklaryny, şol sanda ýaşama hukugyny bozýar.

Ýene-de şikaýatnamada ilatly ýerleriň bombalanmagyna we 2014-nji ýylyň iýulynda Malaýziýanyň “MH17” uçarynyň atylyp gaçyrylmagyna we 298 adamyň heläkçiligine salgylanylyp, Moskwa tarapdan goldalýan separatistik güýçleriň terrorçylykly işleri edendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG