Russiýanyň sudy “Aeroflotyň” ýolbeleti tarapyndan açylan sud işini ret etdi. Bu ýolbelet Russiýanyň milli howaýollary kompaniýasyny işgärleri beden ölçegine esaslanyp diskriminasiýa etmekde aýyplapdy.
18-nji aprelde Moskwanyň Tuşino etrabynyň sudy Irina Iýerusalimskaýanyň bähbidine karar çykarmak üçin “hiç bir esasyň” ýokdugyny aýtdy.
Iýerusalimskaýa “Aeroflot” howaýollary kompaniýasynyň, onuň aýtmagyna görä, ýolbeletleriň agramy, boýy we egin-eşikleriniň ölçegi baradaky düzgünlerini ýatyrmaga we oňa 1 million rublden gowrak, ýagny 18 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa töletmäge synanyşýardy.
Şu ýylyň fewral aýynda Iýerusalimskaýa we “Aerolfotyň” başga-da birnäçe ýolbeledi özleriniň daşky gurluşlary zerarly halkara uçuşlaryndan, şol sanda ýokary aýlyk haklaryndan mahrum edilendigi barada suda arza tabşyrypdylar.
“Aeroflot” kompaniýasy gürrüňi edilýän diskriminasiýalary ret edýär.