Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigini geçirer


Çehiýadaky türkmen atlary

29-njy aprelde Aşgabatda ahal-teke atlarynyň gözelligi boýunça halkara bäsleşik geçiriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara gol çekdi diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.

Karara laýyklykda, Türkmen bedewiniň 30-njy aprelde bellenilýän baýramçylygyndan öň 2017-nji ýylyň iň owadan aty seçiler.

Adat bolşy ýaly, atlaryň arasyndaky gözellik konkursy bilen bir hatarda ahal-teke atlaryna bagyşlanan dürli žanrly eserleriň hem bäsleşigi geçiriler.

Döwlet eýeçiligindäki media ýurtda prezident Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda türkmen atçylyk medeniýetiniň täze bir derejä galdyrylandygyny nygtaýar.

Emma synçylaryň käbiri, hususan-da görnükli atşynas Geldi Kärizow soňky ýyllarda türkmen atlarynyň metisleşdirilemginiň güýçlenendigini öňe sürýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG