Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Ýol polisiýasy hususy taksiçileri 'gysýar'


Aşgabat, ýolda saklanan sürüji düşünişmäge çalyşýar.
Aşgabat, ýolda saklanan sürüji düşünişmäge çalyşýar.

Türkmen paýtagtynda ýene-de hususy taksiçileriň ýanalmagynyň güýçlenendigini aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu Aşgabatda sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňünden paýtagty köne maşynlardan we hususy taksiçilerden arassalamak tagallasy diýilýän bilen bagly bolsa, başga bir pikire görä ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleriniň arasynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň bir netijesi bolup durýar.

Emma şäher häkimiýetleri bu aýdylýanlar barada hiç bir düşündiriş bermeýärler.

Azatlyk radiosy hususy taksiçilere girizilýändigi aýdylýan çäklendirmeler bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabat: Ýol polisiýasy hususy taksiçileri 'gysýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:47 0:00

XS
SM
MD
LG