Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan aeroportynda ABŞ raýaty tussag edildi


Tussaglyk habary bu ýurduň ýadro we raketa programmalary zerarly dörän dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.
Tussaglyk habary bu ýurduň ýadro we raketa programmalary zerarly dörän dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Demirgazyk Koreýa golaýda Phenýan aeroportyndan uçmakçy bolan ABŞ raýatyny tussag etdi diýip, resmiler 23-nji aprelde aýtdylar.

Günorta Koreýanyň “Yonhap’ habar gullugy ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, ol adamyň 50 ýaşlaryndadygyny, atasynyň adynyň Kimdigini we kömek işgäri bolup işleýändigini, ozal Hytaýdaky Ýanbian Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň professory bolandygyny habar berdi.

Phenýandaky şwed ilçihanasy koreaýly-amerikan raýatynyň tussag edilmeginden habarlydygyny aýtdy, emma başga düşündiriş bermedi.

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýok we Şwed ilçihanasy bu iki ýurduň arasyndaky konsullyk işlerine seredýär.

Bu habar Waşington bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda bu ýurduň ýadro we raketa programmalary zerarly dörän dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Demirgazyk Koreýada ozal hem azyndan iki amerikan raýaty tussag saklanýar.

XS
SM
MD
LG