Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda ‘maliýe kynçylyklarynyň’ fonunda, $6,7 milliardlyk desga gurlar


Aşgabat görnüşi, 2015 ý.

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigi aýdylýan döwri, türkmen häkimiýetleri şu ýylyň dowamynda umumy bahasy 6,7 milliard dollarlyk desgalary açmagy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Bu barada geçen anna güni geçirilen hökümet maslahatynda gürrüň edilip, gurulmaly desgalaryň sanawy hem tassyklandy. Anyk haýsy desgalaryň girýändigi aýdyňlaşdyrylmadyk bu sanawa ozal prezident tarapyndan tassyklanan we umumy bahasy 6,7 milliard amerikan dollaryna barabar 586 bina girýär.

Mundanam başga, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagynda hem ýene onlarça kottejiň guruljakdygy mälim edildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ýerde jemi 66 sany iki gatly kotteji, suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalar üçin oýun meýdançalaryny, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumyny gurmaklygy teklip edýärler.

Neşiriň maglumatyna görä, bu teklip Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow tarapyndan hem goldanylýar. Emma bu gurluşyklaryň nähili serişdeler esasynda maliýeleşdiriljekdigi aýdylmady.

Ýeri gelende bellesek, ýokardaky ençeme milliard dollarlyk gurluşyk proýektleri aglaba uglewodorod serişdeleriniň eksportyna bil baglaýan Türkmenistanyň nebitiň hem gazyň bahasynyň gaçmagy zerarly ykdysady kynçylyklary çekýändigi aýdylýan pursadyna gabat geldi. Energiýa serişdeleriniň bahalarynyň peselmegi bilen birlikde, häzir türkmen gazynyň Russiýa we Eýran ugurlary boýunça akdyrylmagy bes edilip, ol häzir diňe Hytaýa eksport edilýär.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, soňky döwür Türkmenistanda aýlyklaryň wagtynda tölenmeýändigi, iş ştažlarynyň kemeldilýändigi, şeýle-de azyk harytlarynyň dowamly gymmatlaýandygy dogrusynda, yzygiderli maglumatlar gelip başlady.

Ýatladyp geçsek, geçen aý Halkara walýuta fondunyň ekspertleri Aşgabatda bolup, türkmen hökümetine döwlet çykdajylaryny azaltmak maslahatyny-da beripdiler.

Emma munuň yz ýany ýurtda birnäçe desganyň, şol sanda iri sport toplumlarynyň açylandygy habar berildi. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri Aşgabatda golf meýdançasyny we Hazarda emeli ada gurmak baraky meýillerini hem mälim etdiler.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlaryň çäginde, Türkmenistanyň sentýabrda Aşgabatda geçjek “Aziada-2017” oýunlaryna hem giň gerimde taýýarlyk görýändigini bellemek gerek. Bu çärä niýetlenip gurlan Olimpiýa şäherjigi üçin azyndan 5 milliard dollar, täze aeroport üçin-de 2,5 milliard çemesi dollaryň harçlanandygy mälim edilse-de, beýleki çykdajylar dogrusynda ilata hiç hili maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleriniň özleri ýurduň ykdysadyýetiniň dowamly özgerip, ösýändigini gaýta-gaýta tekrarlap, bar diýilýan maliýe kynçylyklar barasynda ilat köpçüligine jikme-jik maglumat bermeýärler.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG