Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanlylaryň Stambuldaky pul çekmek başagaýlygy


Illýustrsiýa

Türkmenistanda hökümetiň dollar söwdasyna çäklendirme girizmeginden soň, käbir raýatlar çykalgany daşary ýurtlardan gözleýärler.

Türkmenistanda banklarda girizilen çäklendirmeleriň fonunda daşary ýurtlardaky banklaryň öňünde, hususan-da Stambulyň Aksaraý etrabyndaky köçeleriň ugrundaky banklaryň bankomat nokatlarynda onlarça türkmenistanly raýatyň pul çekmek üçin nobata durandygy ýygy-ýygydan göze ilýär.

Adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmen zenanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dollara çäklendirme girizilmegi we şeýle-de raýatlaryň banklardaky puluny almakda duş gelýän kynçylyklary, olary Stambula gelip, banklardan pul çekmäge gönükdirýär.

"Şonuň üçinem Stambulyň, ylaýta-da Aksaraý etrabyndaky bankomatlaryň öňünde üýşüp, eýdip-beýdip pul çekmäge synanyşyk edýän türkmenistanly raýatlar soňky günlerde gaty köpeldi. Türkmenistanda adamlar daşary ýurtlara çykyp, bankdaky puluny çekip ýa-da ýany bilen gyzyl çykaryp, ony satyp, nagt pula öwürmek bilen pulsuzlyga çäre gözleýärler. Daşary ýurda gidip bilmeýänler bolsa, tölegli ýagdaýda olaryň bank kartlaryny alyp, ýörite daşary ýurtlardaky bankomatlardan pul çekip getirip berýänlere bil baglamaly bolýarlar. Şeýle ýagdaýda, adamlaryň eline geçmeli puluň ýüzden on göterime golaýy daşary ýurt banklary we arada durýanlar tarapyndan kesilip alynýar" diýip, ol zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda raýatlaryň bankdaky pullary hökümetiň berk gözegçiligi astynda tutulýar. Bankda "Visa" kartlaryna manady resmi bahadan dollara diňe ähli dokumentleri düzüw bolan daşary ýurtdaky studentlere we daşary ýurtlara söwda gatnaýan täjirlere öwrüp berýärler. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan raýatlar indi dokumentleriň düzüw bolaýanda-da, banklardan puluňy almagyň barha kynlaşýandygyny nygtaýarlar.

Türkmenistanyň banklarynda täze girizilen düzgüne laýyklykda, raýatlaryň bank hasaplaryna we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň plastik kartlaryna gelen puluň 1%-den gowragy tutulyp alynýar.

Täze düzgüne görä, bank raýatyň şahsy hasabyna gelen pul serişdesini ilki onuň goýum depderçesine geçirýär we soňra oňa ugradylan puluň 1,12%-ni bank hyzmatlary üçin saklap galýar. Bank bu möçberdäki tutumy döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyklary olaryň plastik kartlaryna geçirilende hem tutup galýar.

Ýöne aýlygyň ýa-da ugradylan puluň möçberi 3000 manatdan ýokary bolsa, onda bank hyzmatlary üçin alynýan tölegiň möçberi hem 3%-e barabar bolýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan ýüz müňlerçe işgär öz plastik kartlaryndan günde 1000 manatdan, şahsy bank hasaplary bolan raýatlar bolsa öz bank hasaplaryndan aýda 3000 manatdan artyk pul alyp bilmeýärler.

Ýeri gelende belläk geçsek, Stambulyň Aksaraý etrabyndaky bankomatlaryň öňünde pul çekmek üçin üýşüp duran türkmenistanly raýatlar bu ýagdaý barada howpsuzlyk sebäpli metbugata interwýu bermekden ýüz öwürýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda raýatlaryň pul meseleleri bilen baglanşykly degişli türkmen resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak synanşyklary-da netije bermeýär.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG