Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransiýa: Prezidentlige dalaşgär Makronyň orsýet hakerleriniň hüjümine sezewar bolandygy aýdylýar


Fransiýanyň prezidenti wezipesine dalaş edýän kandidat Emmanuel Makron, Pariž, 17-nji aprel, 2017.

Fransiýanyň prezidenti wezipesine dalaş edýän öňde baryjy kandidat Emmanuel Makronyň saýlaw kampaniýasynyň resmileri Orsýet bilen bagly hakerleriň hüjümine sezewar bolandygyny aýdýarlar.

Makronyň kampaniýasyna hüjüm etmek synanyşygyň dekabr aýynda bolandygyny, kampaniýanyň wekili Mounir Mahjoubä salgylanmak bilen “Associated Press” we “The New York Times” neşirleri habar berýär.

Mahjobiniň tassyklamagyna görä, “Pawn Storm”, şeýle-de “Fancy Bear” diýip tanalýan ady belli haker toparynyň elektronik gözegçiligine degişli 160 sany synanyşygy amala aşyrandygy kiber howpsuzlyk boýunça “Trend Micro” kompaniýasy tarapyndan hasaba alnypdyr. ABŞ-nyň aňtaw gulluklary agzalan haker toparynyň Orsýet bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Orsýetiň resmileri bu aýyplamalary yzygiderli ret edýärler.

Fransiýadaky saýlawlara kiber hüjümler nukdaý nazaryndan syn edilmegi ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň Orsýeti ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara goşulyşmakda aýyplamagy bilen bagly.

Ýewropa Bileleşigine tarapdar we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy Makron 23-nji aprelde geçirilen saýlawlarda has köp ses toplady.

Onuň 7-nji maýda geçiriljek ses berişlikde Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklaryň tarapdary aşa-sagçy dalaşgär Marine Le Penden üstün çykmagynyň gaty ähtimaldygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG