Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär


Demirgazyk Koreýanyň propaganda toparynyň çykyşy, Phenýan 12-nji aprel, 2017.
Demirgazyk Koreýanyň propaganda toparynyň çykyşy, Phenýan 12-nji aprel, 2017.

Koreýanyň demokratik halk respublikasy (KNDR) ýadro raketalaryny synamagy sebäpli ABŞ-nyň sanksiýalarynyň güýçlendirilen wagtynda Türkmenistan we Orsýetiň Uzak gündogar regiony bilen has berk ykdysady hyzmatdaşlyga çagyrdy diýlip, Demirgazyk Koreýanyň Merkezi täzelikler agentligine we Hytaýyň Ksinhua agentligine salgylanylyp, media maglumatlarynda habar berilýär.

Maglumatda Demirgazyk Koreýanyň ýakynda Türkmenistana eden saparynda iki ýurduň “dostlukly we hyzmatdaş gatnaşyklaryny ösdürmegi” maslahat edilendigi bellenýär.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi toparynyň 12-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça özara bähbitli dialogy ösdürmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahat edipdi.

Türkmenistanyň resmi maglumatyna görä, taraplarözara gepleşiginde ýurtlaryň arasynda daşary syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň zerurlygyny nygtapdyr we halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildiripdir. Şeýle-de Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň arasynda medeni-gumanitar ugurlardan hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahat edilipdir.

Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa halkara hasabatlarynda adam hukuklaryny iň gödek depeleýän, repressiw, dünýäniň iň ýapyk, gümürtik we azat bolmadyk ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelýärler.

XS
SM
MD
LG