Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 'azat dälde' galýar


Türkmenistan "Freedom House" guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça täze hasabatynda pes dereje aldy.

Türkmenistan "Freedom House" guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça täze hasabatynda pes dereje aldy.

Türkmenistan, «Azatlyk öýi» guramasynyň global metbugat azatlygy boýunça 2016-njy ýyldaky ýyllyk hasabatynda ýene «ýamanyň ýamany» diýilýän ýurtlaryň onlugyna girip, bu meselede iň pes bahany alan Demirgazyk Koreýadan soň, ikinji boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça ýylyň-ýylyna iň pes bahalaryň birini alýar we resmi Aşgabat, öz kanunlaryna garşy gidip, raýatlaryň informasiýa almak we ýaýratmak azatlygyny yzygiderli bozmakda tankyt edilýär.

Iň ýaramaz onlukda Türkmenistandan soň Özbegistan, Krym regiony, Eritrea, Kuba... gelýär.

Türkmen metbugaty Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hem 13-nji, ýagny iň pes derejäni aldy.

Metbugat azatlygynyň derejesi boýunça 0-dan (iň köp azat) 100-e (iň az azat) çenli berilýän bahada Türkmenistan 96 dereje alyp, «iň az azat» diýen baha, 199 ýurt we territoriýa arasynda 198-nji orna mynasyp bolupdyr.

Dünýäniň 199 ýurdunyň we territoriýasynyň metbugat azatlygynyň derejesine syn edýän hasabat syýasy, jenaýatçy we terrorçy güýçleriň, häkimiýet ugrunda alyp barýan has giň darkaşlarynyň çäginde, metbugaty ýa hyzmatdaşlyga, ýa-da dymmaga mejbur etjek bolandyklaryny aýdýar.

Türkmenistan hasabatda metbugaty zamun alan polisiýa döwletleriniň hatarynda agzalýar. 2015-nji ýylda konfliktleriň möwjeýän ýerlerinde we degişlilikde parahat ýurtlarda onlarça žurnalist alnyp gaçyldy, birnäçe hökümet bolsa žurnalistleri syýasy sebäpler esasynda ýesir edip saklady diýip, hasabatda aýdylýar.

«Eýran häkimiýetleri, görnüşinden, tussag edilen daşary ýurt žurnalistlerine gymmatbaha diplomatik gural hökmünde garasalar, hytaý resmileri zor bilen toba etdirilen žurnalistler arkaly olaryň kärdeşlerine duýduryş berdiler» diýip, hasabatda bellenilýär.

«Müsürde, Türkmenistanda we kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýulmaýan beýleki polisiýa döwletlerinde häkimiýetleriň äsgermezligi metbugaty hem bireýýäm öz içine aldy, ýylyň dowamynda bir topar žurnalist daşarky dünýäden üzňelikde saklanyp, tussaglykda mümkin bolan süteme sezewar edildi» diýip, «Fridom haus» guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Azatlyk radiosynyň we «Alternatiw Türkmenistan habarlary» guramasynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew tussag edilip, neşe maddalary bilen bagly jenaýatda aýyplandy we türme tussaglygyna höküm edildi. Şol bir wagtda ol daşarky dünýäden üzňelikde, maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, hatda öz ýakyn garyndaşlary bilen hem görüşdirilmän saklanýar.

Halkara hukuk goraýjy guramalary S.Nepesgulyýewiň öz žurnalistlik işi üçin ýanalýandygyny öňe sürýärler.

Şeýle-de hasabat global metbugat azatlygynyň 2015-nji ýylda soňky 12 ýylyň içinde iň pes derejede aşak gaçandygyny aýdýar.

Täze hasabatyň esasy netijelerine görä, dünýä ilatynyň diňe 13 prosenti azat metbugatyň hözirini görýär, ýagny olaryň ýaşaýan ýerlerinde syýasy habarlar bökdelmeýär, žurnalistleriň howpsuzlygy kepillendirilen, döwletiň metbugat işlerine gatyşmasy minimal derejede az, metbugat kynçylykly kanun ýa ykdysady basyşlaryna sezewar edilmeýär.

Dünýäniň ilatynyň 41 prosenti metbugatyň «bölekleýin azat» diýlip baha berlen ýurtlarda, 46 prosenti bolsa «azat däl» media şertlerinde ýaşaýar diýlip, hasabatda aýdylýar.

Geçen ýyl metbugat azatlygy boýunça öňki derejelerinden has aşak düşen ýurtlaryň arasynda Bangladeş – 7 dereje, Türkiýe – 6 dereje, Burundi – 6, Fransiýa – 5 we Serbiýa, Ýemen, Müsür, Makedoniýa, Zimbabwe ýaly ýurtlar bar.

Dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça «ýamanyň ýamany» diýen onluga giren ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistan, Belarus, Eýran, Siriýa we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bar.

Täze hasabatda metbugatyň "iň azat" ýurtlary diýlip Norwegiýa, Belgiýa, Finlandiýa, Niderlandiýa we Şwesiýa görkezilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG