Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hamenei Eýran ykdysady ösüş üçin Günbatara bil baglamaly däl diýýär


Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hamenei, Tähran, 25-nji aprel, 2017.

Eýranyň baş lideri prezidentlik wezipesine dalaşgärleri Eýranyň ykdysadyýetini Günbataryň kömegini ulanmazdan ösdürmek we prezident Hassan Rohaniniň daşary ýurtlar bilen söwdanyň we maliýe goýumlarynyň hasabyna ösüşe bil baglaýan syýasatyndan daşlaşmak meselesine ünsi gönükdirmäge çagyrdy.

“Dalaşgärler ýurduň daşyna göz dikmegiň ýerine ykdysady meseleleri çözmekde milli ukyba we içerki mümkinçiliklere ünsi gönükdirmegi wada bermeli” diýip, Aýatolla Ali Hamenei 25-nji aprelde Tähranda musulman ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşygynda aýtdy.

Günbatar ýurtlary “Eýran yslam respublikasyna garşy göreşýärler, sebäbi yslam olaryň bähbitlerini böwetleýär” diýip Hamenei belledi.

Hameneiniň berk syýasatçy ýaranlary pragmatik Rohanini halkara ykdysady sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna garamazdan ykdysadyýetiň haýal ösmeginde aýyplaýarlar.

2015-nji ýylda Tähran dünýäniň täsirli ýurtlary bilen ýadro ylalaşygyny baglaşaly bäri ýurduň ykdysady ösüşi 7.4% ýetdi. Muňa garamazdan Halkara maliýe fondy Eýranyň nebit pudagyndan başga esasy ugurlaryndaky ykdysady ösüşiniň 0.9%-den aşmaýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG