Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Türkmenistany maliýe hemaýatyndan kesdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistana berilýän maliýe hemaýatyny kesdi.

“The Foreign Policy” neşri eline gowşan býujet dokumentlerine we içerki çeşmelerine salgylanyp, USAID, ýagny ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň çäginde, ýurtlara berilýän maliýe hemaýatlarynyň azaldylýandygy ýa-da doly kesilýändigi barada habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistana ýyllyk goýberilen 3,9 million dollar möçberindäki maliýe hemaýaty mundan beýläk doly togtadylar.

USAID 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistana umumy hasapda 100 milliondan gowrak maliýe hemaýatyny goýberipdi. Bular esasan Türkmenistanyň ykdysady galkynmasyna, sosial pudagyny we jemgyýetçilik inisiatiwalaryny ösdürmäge niýetlenen programmalary goldamak üçin niýetlenipdi.

Mundanam başga, USAID Türkmenistanyň döwlet we pudak, şol sanda ykdysady we nebit-gaz edaralarynyň işgärleri üçin, dowamly seminarlary gurnap gelýärdi.

USAID-iň saýtyndaky maglumata görä, Agentlik tejribe alyş-çalyşlyk programmalarynyň çäginde, türkmen diplomatlarynyň daşary ýurtlara saparlaryny hem gurnapdyr.

Ýeri gelende bellesek, USAID Türkmenistandan başga-da Azerbaýjana $7,7 million, Belarusa $7,9 million, Gazagystana $6,1 million möçberinde beren ýyllyk maliýe hemaýatlaryny hem doly togtatdy.

Şeýle-de, Agentlik käbir post-sowet ýurltaryna beren maliýe hemaýatynyň tas ýarpysyny diýen ýaly kesdi. Ýagny, maliýe kömegi Gürjüstana ýyllyk $47,5 milliondan $28 milliona, Gyrgyzystana $44,8 milliondan $18 milliona we Täjigistana $33 milliondan 17,3 milliona çenli azaldyldy.

Şol bir wagtda, Agentligiň Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasynda maliýe hemaýatyny artdyran ýeke-täk ýurdy – Özbegistan boldy. Özbek programmasynyň maliýeleşdirilmegi ýyllyk $9,39 milliondan $9,8 milliona çenli artdyryldy. Munuň bilen birlikde programmanyň mazmuny hem üýtgedilip, pullaryň aglabasy ykdysadyýeti goldamak üçin niýetlenen programmalara goýberiler.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, “The Foreign Policy” neşiriri USAID maliýe hemaýatlarynyň azaldylmagyny prezident Donald Trampyň “Amerika ilkinji orunda” diýen wadasy bilen baglanyşdyrýar.

USAID-iň 2018-nji ýyl üçin býujeti $11,74 milliarda deň bolar. Munuň netijesinde ýyllyk $5,219 milliard ýa-da 30,8% pul serişdeleri tygşytlanar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG