Sepleriň elýeterliligi

Freedom House: Dünýä ilatynyň 13% azat metbugatly ýurtlarda ýaşaýar


"Freedom House" guramasynyň "Matbugat azatlygynyň garaňky geljegi” atly hasabaty

Ýurtlarda demokratiýanyň ýagdaýyna baha berýän “Freedom House” guramasydünýä ilatynyň diňe 13%-niň azat metbugatly ýurtlarda ýaşaýandygyny aýdýar.

ABŞ-da ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk guramanyň 28-nji aprelde çap eden hasabatynda 2016-njy ýylda dünýäde metbugat azatlygynyň çäklendirilendigi, awtoritar döwletlerde metbugata on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda görkezilen basyşlaryň netijesinde media azatlygynyň iň pes derejä ýetendigi we bu ýagdaýyň demokratiýa howp salýandygy bellenýär.

“Metbugatyň azatlygy 2017: Metbugat azatlygynyň garaňky geljegi” atly hasabatda baha berilen 199 ýurt “azat”, “belli bir derejede azat” we “azat däl” diýlip, üç topara bölünýär.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna, şol sanda Türkmenistana metbugat azatlygy boýunça “azat däl” diýlip baha berildi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda demokratik azatlyklaryny we raýatlaryň hak-hukuklaryny berjaý etmekde ýyllarboýy iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

XS
SM
MD
LG