Pakistanda asyrlar boýy üzňelikde ýaşaýan kalaş taýpasy, özleriniň “Beýik Isgenderiň basyp alyjy esgerleriniň neslindendigini” öňe sürýärler. Häzirki günlerde ownujak butparaz taýpasy, özleriniň köpden bäri garaşyp gelýän, aýratyn dini hem-de etniki topar hökmünde ykrar edilmegini gazandy
Pakistanyň unudylan butparazlary hak-hukularyna eýe boldy
9
Nurystanlylar ýaly kalaşlylar hem “Beýik Isgenderiň esgerleriniň neslinden gelýändiklerini” öňe sürýärler. Isgenderiň goşuny, häzirki Pakistanyň Punjab welaýatynda bolan “Hydaspes” söweşi üçin ýöriş edende olary yzda goýup gidipdir. Onuň patyşa Porusy ýeňmegi bilen, Punjab welaýaty Makedoniýa imperiýasyna birleşdirlipdir.
2014-nji ýylda Bilim Žurnalynda (Journal Science) çap edilen statistiki analizlere görä, kalaşlylarda gadymy ýewropa ilatynyň DNA “bölejikleri” tapyldy.
Grek hökümeti Kalaşyň gadymy durmuş ýoluny saklap galmak üçin gyzyklanma bildirdi. 2004-nji ýylda Afina “Kalaşa Medeniýet merkeziniň” binasyny maliýeleşdirdi. “Kalaşa Medeniýet merkezindäki” muzeýde el işleri, egin-eşikler, saz gurallary, şaý-sepler we heýkeller bar