Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi general-leýtenant H.R. MkMasteriň aýtmagyna görä, rus prezidenti Wladimir Putin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gatnaşykda we Owganystanda talyban güýçlerine kömek üçin alyp barýan syýasatynda “rus halkynyň bähbitlerine garşy” hereket edýär.
30-njy aprelde “Fox News” telekanalynyň ýekşenbe programmasynda çykyş eden MkMaster Amerika gatnaşyklary gowulandyrmakdan öň rus prezidentiniň “hereketleriniň üýtgänini” görmeli diýdi.
MkMasteriň beýanatlary prezident Donald Trampyň Orsýet baradaky tutumynyň alamatlary hökmünde ýakyndan yzarlanýar. Tramp prezidentlik kampaniýasynda we prezident bolanyndan soňra-da güýçli lider diýip, Putini taryplapdy.
Ýöne soňra Siriýa, Eýran, Ukraina, Owganystan we başga ýerler barada Waşington bilen Moskwanyň arasynda dörän oňuşmazlyklar zerarly gatnaşyklar sowaşdy.
Trampyň 20-nji ýanwarda bolan inaugurasiýasyndan bäri Orsýet bilen bolan gatnaşyklar nädereje ilerledi diýlip berlen soraga MkMaster: “Meniň pikirimçe, gatnaşyklarda gowulanan ýa ýaramazlaşan zat ýok” diýip jogap berdi.
“Orsýetiň edim-gylymlary, biziň görşümiz ýaly – Krymyň anneksiýasy, Ukraina basyp girmek, Siriýada ganhor režimi goldamak, indi-de talyan güýçlerini ýarag bilen üpjün etmek – bu zatlaryň ählisi, aýratyn-da, Siriýada Assad bilen gatnaşyk we talybany ýaraglandyrmak bilen baglylykda, Orsýetiň bähbitlerine ters” diýip, MkMaster aýtdy.
Onuň bellemegine görä, Moskwanyň bir regionda goldaýan toparlarynyň başga bir regionda Osýete zyýan ýetirmegi mümkin.
Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi “Talyban bir bitewi we birmeňzeş topardan duranok” diýýär.
“Talyban barada aýdanyňda, onuň Özbegistanyň yslamçy hereketine we Orsýete howp salýan beýleki terroristik toparlara gabat gelýän taraplary bar” diýip, MkMaster aýtdy.
Ol soňra hem: “Rus prezidentiniň ors halkynyň bähbitlerine ters hereket edýänini, ine, şu ýerde görýäris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
MkMasteriň pikiriçe, Orsýet bilen gatnaşyklaryň gowulanmagy üçin, gerek zat ilki şu hereketleriň üýtgemegidir.