Sepleriň elýeterliligi

Budapeştde Orsýetiň täsirine garşy protest geçirildi


Protest aksiýasy, Budapeşt, 1-nji maý, 2017.

Wengriýalylaryň ýüzlerçesi 1-nji maýda Budapeştyň merkezinde ýöriş geçirip, Ýewropa Bileleşigine ýardam bildirdiler we premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygynyň astynda ýurtda Orsýetiň täsirine garşylyk bildirdiler.

Ýöriş soňky hepdelerde Budapeştde uly demonstrasiýalaryň yzýanyna gabat geldi. Protestlere Orsýetiň täsiri astynda Wengriýadan George Soros tarapyndan esaslandyrylan esasy uniwersitetiň çykarylmagy sebäp boldy.

1-nji maýda geçirilen demonstrasiýada “Momentum” atly hereketiň 10 müň çemesi protestçisi Orsýetiň ilçihanasynyň deňinden geçenlerinde “Moskwa däl-de Ýewropa” diýip, öz şygarlaryny öňe sürdüler.

Bu hereket premýer-ministr Orbanyň Budapeştde 2024-nji ýylyň tomusky olimpiýa oýunlaryny geçirmek boýunça planlaryna garşy durmagy bilen meşhurlyk gazanypdy.

Moskwanyň öňki tankytçysy Orban 2010-njy ýylda häkimiýet başyna geçensoň ýurduň ugruny üýtgedipdi. Ol Wengriýany “liberal bolmadyk ýurda” öwürmäge çagyrdy we Orsýeti hem Türkiýäni üstünligiň nusgasy hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG