Sepleriň elýeterliligi

Polat Bilbilogly “Türkmenistanyň halk artisti” adyna eýe boldy


Azerbaýjanyň Orsýetdäki ilçisi Polat Bilbilogly

Azerbaýjanyň Orsýetdäki ilçisi Polat Bilbilogly “Türkmenistanyň halk artisti” hormatly adyna eýe boldy.

Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, Polat Bilbilogly Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasynda dostlugy, doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle-de iki ýurduň arasynda medeni we gumanitar ugurlardan aýratyn edermenlik görkezendigi üçin we aýdym-saz sungatyndaky zehini we üstünlikleri üçin bu ada mynasyp bolupdyr.

Türkmenistan Azerbaýjanyň at gazanan we artisti Polat Bilbiloglyny 2014-nji ýylda “Magtymguly pyragy” medaly bilen sylaglapdy.

Kompozitor, aýdymçy we aktýor 72 ýaşly Bilbilogly onlaça eseri, şol sanada “Gorkma men seniň bilen” atly kartina bilen tanymal.

XS
SM
MD
LG