Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Benziniň gymmatlajakdygy baradaky myş-myşlar il arasynda dowul döretdi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda benziniň gymmatlajakdygy barada il içinde dörän myş-myşlar käbir adamlaryň ätiýaç üçin benzini aşa köp mukdarda satyn almagyna we ýangyç stansiýalarynda benziniň wagtyndan öň gutarmagyna getirdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 1-nji maýdan 2-nji maýa geçen gije sagat 12:00-dan soň paýtagtyň çetindäki, ýagny Aşgabatdan Mara, Daşoguza we Türkmenabada gidýän gara ýollaryň ugrundaky ýangyç stansiýalaryna ýüzlerçe adam baryp, ilki awtoulaglaryny we ýük ulaglaryny, soňra-da öz ýanlary bilen getiren demir gaplaryny benzinden dolduryp aldylar.

“Benziniň gymmatlajakdygy aýdylýar. Bizem biraz benzin ätiýajymyz bolsa, gowy bolar diýip, özümizde barja gaplary benzinden doldurmaga geldik. Ýurtda benzini diňe awtoulagyňa dolduryp bolýandygy üçin, ýangyç stansiýasynyň operatorlary demir gaba guýýan benzininiň her 1 litri üçin, goşmaça 20 teňňe alýarlar. Ýöne benzini şeýle usul bilen diňe çetki stansiýalarda satyn alyp bolýar. Sebäbi şäheriň merkezindäki ýangyç stansiýalaryň köpüsinde wideokameralar oturdylan” diýip, Çoganly şäherçesiniň golaýyndaky ýangyç stansiýasyna baran awtoulag eýeleriniň biri aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, bu ýagdaý Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky ýangyç guýýan stansiýalarda uly nobatlaryň emele gelendigi barada käbir neşirlerde peýda bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Benziniň gymmatlajakdygy baradaky gürrüňler 30-njy aprelden 1-nji maýa geçen gije Aşgabadyň awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýalarynda ýüzlerçe ulagdan ybarat nobatlaryň döremegine getirdi” diýip, 30-njy aprelde “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, resmi taýdan tassyklanmasa-da, il içinde “A-95” markaly benziniň 1 litrniň bahasynyň 2 manada ýetjekdigi aýdylýar. Häzirki wagt bu benziniň 1 litrniň bahasy 1 manada barabar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurtda benziniň bahasynyň gymmatlajakdygy barada il içinde dörän bu myş-myşlar, onuň netijeleri we sebäpleri barada häzire çenli hiç bir resmi düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

Emma benziniň gymmatlajakdygy barada il içinde dörän “dowul” Türkmenistanda 1-nji maýdan başlap ýolagçy otly biletleriniň iki esse, uçar biletleriniň 20% gymmatlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Aýdylmagyna görä, bu gymmatlamalar il içinde benziniň bahasynyň ýokarlanjakdygy baradaky myş-myşlaryň çyna öwrülmek ähtimallygy barada aladalanmalaryň artmagyna sebäp boldy.

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, adamlaryň paýtagtyň etegindäki ýangyç guýýan stansiýalardan benzin satyn almagy tutuş gije dowam edeni sebäpli ýangyç guýýan stansiýalaryň tas bäşisinde, şol sanda Çoganly şäherçesiniň demirgazygyndaky, Garagum kanaly bilen täze salnan aeroportyň aralygyndaky stansiýalarda benzin doly gutardy.

“Ir sagat 8-de ýangyç guýýan stansiýalara baran awtoulaglylara ‘Benzin gutardy. Indi şu gün gündiz sagat 10-dan soňra, ýagny benzin getirilenden soň geliň’ diýip, ýangyç guýýan operatorlar baran awtoulaglylary yzyna öwrüpdirler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Adamlaryň ätiýaç benzini satyn almagy we ýangyç guýýan stansiýalarda benziniň gutarmagy bilen baglanyşykly waka ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda hem ýüze çykdy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyna degişli Goşa, Gyzylgaýa obalarynyň käbir ýaşaýjylary bu ýerdäki ýangyç guýýan stansiýalaryň ikisinde indi iki gün bäri benziniň ýokdugyny, ýagny satylmaýandygyny Azatlyk Radiosyna aýdýarlar.

Şol bir wagtda, benziniň gymmatlajakdygy baradaky myş-myşlar Aşgabadyň islendik ýerindäki ýangyç guýýan stansiýalarda hem uly nobatlaryň emele gelmegine getirdi. Häzirki wagtda bu stansiýalarda azyndan 20-30 awtoulagyň nobata durandygyny görse bolýar.

Azatlyk Radiosy il içinde dörän myş-myşlar dogrusynda maglumat almak üçin, “Türkmennebit” önümleri edarasy bilen habarlaşdy. “Türkmennebitiň” Aşgabatdaky edarasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi “Bizde şeýle gürrüňler ýok. Siz şeýle gürrüňleri özüňiz tapýan bolmagyňyz mümkin” diýip jogap berdi.

Türkmenistanda benziniň bahasy iň soňky gezek 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda gymmatlapdy. Şonda benziniň bahasy öňküsinden 60% galyp, “A-95” markaly ýangyjyň 1 litri 1 manat, “A-92” markaly benziniň 1 litri bolsa 94 teňňe bahalanmaly edildi.

XS
SM
MD
LG