Sepleriň elýeterliligi

TOPH-uň 2020-nji ýylda tamamlanjakdygy aýdylýar


TOPH proýekti

Pakistanyň Gaz we Tebigy resurslar ministrligi türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň 2020-nji ýylyň dekabryna çenli tamamlanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Maglumata görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň Pakistan böleginiň iş ýüzündäki işleri başlanyp, onuň gurluşygy wagtynda we bellenilen çykdajylaryň çäginde tamamlanar.

1814 kilometrlik we ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmaga ukyply boljak bu proýektiň Pakistan böleginiň gurluşygynyň inženerçilik işlerini öwrenmek mart aýynda başlanypdy. Gazgeçirijiniň Owganystan böleginiň bu ugurdaky işleri fewralda başlanyp, olaryň alty aýa çemesi çekjekdigi çaklanylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, TOPH-uň gurluşygyna resmi taýdan 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berlip, ilki başda onuň 2019-njy ýylda tamamlanjakdygy aýdylypdy. Emma şu ýylyň ýanwarynda, onuň 2020-nji ýyla çenli yza süýşürilendigi mälim edilipdi.

Şonda, Pakistanyň mediasy ýurduň Gaz we Tebigy resurslar ministrligine salgylanyp, türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda, bu proektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny habar berdi.

Mundan owal, resmi Aşgabat umumy bahasy 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan edipdi.

Emma häzir gazyň bahasynyň gaçmagyndan, Türkmenistanyň agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, proýektiň maliýe meselesiniň çözülmän galýandygyna üns çekilýär.

Mundanam başga, Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň-da bu proýektiň geljegini sorag astyna alýandygy nygtalýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG