Sepleriň elýeterliligi

Putin: Türkiýe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ‘doly formatda’ dikeldilýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ürk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan. 3-nji maý, 2017 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurduň “doly formatly” gatnaşyklary dikeldýändigini aýtdy.

Putin bu barada Erdogan bilen 3-nji maýda Gara deňziň kenaryndaky Soçi şäherinde geçirilýän gepleşikleriň başynda belläp geçdi. Bu gepleşikleriň Siriýadaky konflikte gönükdirilmegine garaşylýar.

Siriýadaky graždan urşunda gapma-garşy taraplary goldaýan Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar 2015-nji ýylyň noýabrynda türk-siriýa serhedinde türk uçarynyň rus söweş uçaryny urup ýere gaçyrmagyndan soň ýaramazlaşypdy.

“Biziň kadalaýyk wagtda duşuşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, halkara meselesine degişli möhüm meseleleri, şol sanda Siriýa krizisi ýaly derwaýys meseleleri maslahatlaşmaga mümkinçiligmiziň bolmagy gowy” diýip, “TASS” habar agentliginiň Putine salgylanyp beren maglumatynda aýdylýar.

Putin rus-türk gatnaşyklarynyň “aýratyn häsiýete eýe bolýandygyny we doly formatda gaýtadan dikeldilýändigini” belledi.

Erdoganyň Soçi şäherine ugramagynyň öň ýanynda, 3-nji maýda Ankarada žurnalistlere aýtmagyna görä, Siriýadaky krizisden syýasy çykalga tapmak meselesi Ankara we Moskwa üçin özara maksat bolup durýar.

Russiýa, Türkiýe we Eýran Siriýada parahatçylyk gazanmak ugrunda bitarap giňişlik hökmünde Gazagystanda geçirilýän gepleşiklerde araçylyk edýärler.

Russiýa we Eýran Siriýanyň häkimiýetdäki režimini harby taýdan goldaýan esasy ýurtlardyr. Şol bir wagtyň özünde, Türkiýe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady häkimiýetden agdarmaga synanyşýan käbir pitneçi toparlary goldaýar.

Parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň Siriýanyň hökümet resmileriniň we oppozisiýa wekilleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite wekili Staffan de Misturanyň gatnaşmagynda 3-nji maýda başlanmagy planlaşdyrylýar diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Putin bilen Erdoganyň 2015-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşany bäri saklanyp galýan ikitaraplaýyn söwda çäklendirmeleri barada hem maslahat etmegine garaşylýar.

Türkiýe Russiýanyň käbir türk oba-hojalyk önümlerine, hususan-da, pomidora garşy girizen çäklendirmelerini aradan aýyrmaga synanyşýar.

3-nji maýda Erdogan Russiýanyň Türkiýä garşy girizen sanksiýalarynyň doly we gyssagly ýatyrylmagyny isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG