Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan meýdan komandiri Hekmatiýar hökümet bilen ylalaşyk esasynda Kabula barýar


Gulbuddin Hekmatiýaryň köçede ýerleşdirilen suraty, Kabul, 2-nji maý.
Gulbuddin Hekmatiýaryň köçede ýerleşdirilen suraty, Kabul, 2-nji maý.

Owganystanyň iň ýowuz meýdan komandirleriniň biri we öňki premýer-ministri Gulbuddin Hekmatiýar owgan hökümeti bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekenden birnäçe aý geçensoň Kabula bardy.

Hekmatiýaryň 4-nji maýda Kabula barmagy onuň 20 ýyllyk sürgünlikden soň jemgyýetiň durmuşyna gaýdyp dolanýandygyny aňladýar.

“Kabulyň kassaby” ady bilen tanalýan Hekmatiýar 1990-njy ýyllaryň gandöküşikli graždan urşundaky roly bilen tanalýar. Ol Kabulda müňlerçe adamy öldürmekde aýyplanýar.

Hekmatiýaryň “Hezb-e Islami” söweşiji topary sentýabr aýynda prezident Aşraf Ghaniniň hökümeti bilen ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda söweşiji topar ýarag taşlamaga we owgan hökümetine garşy hüjümlerini bes etmäge razylyk bildirýär.

Öz tarapyndan owgan hökümeti “Hezb-e Islami” toparynyň agzalaryny tussaglykdan çykarar.

Hekmatiýaryň prezidentlik köşgünde Aşraf Ghani tarapyndan kabul edilmegine, şeýle-de 5-nji maýda Kabulyň Ghazi stadionynda çykyş edip halka ýüzlenmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG