Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan “Talybany” demirgazyk Gunduzyň golaýyndaky etraby eýeledi


Owgan howpsuzlyk ofiseri
Owgan howpsuzlyk ofiseri

“Talyban” jeňçileri 6-njy maýda demirgazyk Owganystanyň Gunduz şäheriniň golaýyndaky etraby ele geçirdi diýip, resmiler aýtdylar.

Gündogar Owganystanyň polisiýa sözçüsi Mahfouz Akbari howpsuzlyk güýçleriniň, 24 sagatdan gowraga çeken agyr söweşden soň, Kalaýi-Zal etrabyndan yza çekilendigini aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid pitneçileriň polisiýanyň edara jaýlaryny, hökümetiň howlusyny we howpsuzlyk barlag nokatlarynyň ählisini ele geçirendiklerini aýtdy.

Ol birnäçe polisiýa ofiseriniň we esgeriň öldürilendigini we ýaraly bolandygyny hem sözüne goşdy.

“Talyban” jeňçileri soňky 18 aýda iki gezek Kjunduzyň şäher merkezini gysga wagtlyk ele geçirmegi başardylar.

XS
SM
MD
LG