Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Senagat meselelerine seretmek Amangeldiýewe tabşyryldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynyň barşynda golaýda aradan çykan wise-premýer Batyr Ereşowyň wezipe-borçlaryny, ýagny ýurduň senagat pudagyna gözegçilik etmegi wagtlaýyn wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe tabşyrmak baradaky karara gol çekdi.

D.Amangeldiýew ýurduň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meselelerine gözegçilik edýär.

51 ýaşynda aradan çykandygy aýdylan Bagtyr Ereşowyň ölüminiň sebäbi aýdylmady.

XS
SM
MD
LG