Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Mugallymlara, terbiýeçilere 'dynç gününde' köçeler arassaladylýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan ýörite karary esasynda, Ýeňiş baýramy mynasybetli 7-nji maý ýekşenbe güni iş güni we 8-9-njy maý günleri dynç günleri diýlip yglan edildi.

Emma muňa garamazdan, 8-nji maýda Aşgabatda mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň işe çagyrylandygy, olaryň golaý-goltumdaky hapa-hupalary we gurluşyk galyndylaryny arassalamaga mejbur edilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabat: Mugallymlara, terbiýeçilere köçeler arassaladylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:40 0:00

XS
SM
MD
LG