Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow Kabulda TOPH-uň howpsuzlygyny maslahatlaşdy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow (çepde) we Owganystanyň prezideti Aşraf Ghani. Maý, 2017 ý.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow (çepde) we Owganystanyň prezideti Aşraf Ghani. Maý, 2017 ý.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Kabulda saparda bolup, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň howpsuzlyk meselelerini maslahat etdi.

Türkmen-owgan komissiýasynyň 2-4-nji maý aralygynda geçen nobatdaky maslahatyna Türkmenistandan gelen delegasiýa Reşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda aýdylyşy ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistan-Owgansytan-Pakistan-Hindistan (TOPH) proýektiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, türkmen-owgan serhediniň goragyny berkitmek ýaly meselelere hem garalypdyr.

Emma bu gepleşikleriň jikme-jikleri we ýokarkylar boýunça gelnen ylalaşyklar dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Meredow Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, Aşgabadyň özüniň günorta goňşusynda ýüze çykýan howpsuzlyk ýagdaýlaryny eşideninde gynanýandygyny aýdypdyr.

Öz gezeginde, owgan prezidenti ýurtda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň gowulanýandygyny ynandyrdy diýip, Aşraf Ghaniniň metbugat wekili Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, 1814 kilometrlik we ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmaga ukyply boljakdygy aýdylýan gazgeçiriji prýoketiň amala aşyrylmagyna Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň böwet boljakdygy aýdylyp gelinýärdi.

TOPH-uň Türkmenistan böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berilse-de, onuň Owganystanyň howpsuzlyk taýdan durnuksyz sebitlerinden geçjek bölekleriniň goragly boljakdygynyň nähili ýagdaýda üpjün ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, TOPH-y ilki başda 2019-njy ýylda tamamlanjakdygy aýdylsa-da, şu ýylyň ýanwarynda, onuň 2020-nji ýyla çenli yza süýşürilendigi mälim edilipdi.

Şonda, Pakistanyň mediasy ýurduň Gaz we Tebigy resurslar ministrligine salgylanyp, türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda, bu proektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny habar berdi.

Galyberse-de, türkmen resmisiniň Kabula sapary, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlygyň has hem erbetleşendigi aýdylýan döwrüne gabat geldi.

Ýokarda-da bellenişi ýaly, Meredow owgan resmileri bilen TOPH-dan başga-da, türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlary maslahat etse-de, 744 kilometrlik serhet araçäginiň howpsuzlygyny berkitmek boýunça nähilidir bir çäreleriň görlüp-görülmejekdigi aýdyňlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG