Sepleriň elýeterliligi

Moskwada ýeňiş güni ermenileriň we azerbaýjanlaryň arasynda çaknyşyk boldy


Ikinji Jahan Urşunyň weteranlaryny hormatlamak boýunça geçirilen ýörişde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň delegasiýalary separatist Daglyk-Garabag regionynyň üstünde çaknyşdylar

Moskwada 9-njy maýda Ikinji Jahan Urşunyň weteranlaryny hormatlamak boýunça geçirilen ýörişde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň delegasiýalary separatist Daglyk-Garabag regionynyň üstünde dawalaşyp, çaknyşdylar.

Bu hadysa Moskwanyň merkezinde hökümetiň guramalaşdyran "Müdimilik goşun" atly ýörişiniň dowamynda döredi.

Ýörişde Ikinji Jahan Urşunda wepat bolan hossarlarynyň suratlaryny göterip çykan gatnaşyjylaryň arasynda Ermenistanyň delegasiýasy Daglyk Garabagyň baýdaklaryny galgatdylar.

Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň çäginde ýerleşýän Daglyk Garabag regiony 20 ýyldan gowrak wagt mundan oň Ermenistanyň goldamagynda özüniň Azerbaýjandan özbaşdaklygyny yglan edipdi.

Wideoda iki tarapyň bir-biriniň üstüne gygyryp, iterip başlandygy, käbirleriň Azerbaýjanyň baýdagyny ýumurmaga synanyşandygy görkezildi.

XS
SM
MD
LG