Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Russiýa bilen gatnaşygyny derňän FBI-iň müdirini işden boşatdy


ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeýi (James Comey)
ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeýi (James Comey)

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp (Donald Trump) öz saýlaw kampaniýasynyň Russiýa bilen gatnaşyklarynyň derňewine ýolbaşçylyk eden Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeýi (James Comey) wezipesinden çetleşdirdi.

Tramp 9-njy maýda Komeýi wezipesinden boşatmagyna sebäp hökmünde, onuň geçen ýyl ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Hillari Klintonyň e-meýlleri dogrusyndaky derňewleri talaba laýyk alyp barmazlygy bilen düşündirip, bu barada ýurduň baş prokurory Jeff Sessionsyň we baş prokuroryň orunbasary Rod Rosensteinyň rekomendasiýa berendigini aýtdy.

“Prezident Federal derňew býurosynyň müdirini işden boşatmak hakynda baş prokuroryň we baş prokuroryň orunbasarynyň rekomendasiýalaryny kabul etdi” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Sean Spiser 9-njy maýda žurnalistlere aýtdy.

Tramp Komeýe ýazan hatynda “Meniň Russiýa bilen baglanyşykly işde derňelmeýändigim barada üç gezek maglumat bereniňize örän şat bolsam-da, men siziň býurony netijeli dolandyrmaga ukyply däldigiňiz barada, Adalat departamentiniň gelen netijeleri bilen ylalaşýaryn” diýdi.

“Biziň Federal derňew býurosynyň kanun goraýjy missiýasynda, köpçüligiň ynamyny gaýtadan dikeltjek täze lideri tapmagymyz möhüm bolup durýar” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň demokratlary Komeýi geçen ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawlaryndan sanlyja gün öň, Klintonyň e-meýlleri babatynda täze öwrümleri yglan etmegini tankyt edipdiler.

Klinton bu hereketiň möhüm pursatda heniz belli bir netijä barmadyk ses berijileriň özüne garşy öwürendigini aýdypdy. Emma muňa garamazdan, Kongresde demokratlar bir agyzdan diýen ýaly prezidentiň Komeýi wezipesinden çetleşdirmek baradaky kararyny tankyt etdiler.

Şeýle-de, bu hereket Waşingtonda köpleri geň galdyryp, demokratlaryň we beýlekileriň Ak tamy Federal derňew býurosynyň Russiýa bilen ilteşikli derňewlerine zyýan ýetirmäge synanyşmakda aýyplamagyna sebäp boldy.

ABŞ-yň Senatynyň Daşary işler komitetindäki iň ýokary derejeli demokrat senator Ben Kardin Trampyň Komeýi wezipesinden boşatmagynyň “hatda özi üçin hem çäkden geçmek bolandygyny” aýtdy.

“Bu Russianyň biziň saýlawlarymyza goşulyşmagyny derňemek barada garaşsyz komissiýa zerurlygyň bardygynyň ýene bir delilidir. Häzir prezident Federal derňew býurosynyň derňew bitewüligini bozan mahaly, bize dowam edýän derňewleri tamamlamak üçin hem ýörite prokuror gerek” diýip, Ben Kardin aýtdy.

Federal derňew býurosynyň müdirleri 10 ýyl möhlet bilen bellenýär. Öz edarasynda abraýa eýe bolan 56 ýaşly Komeý dört ýyl mundan ozal öňki prezident Barak Obama tarapyndan wezipä bellenilipdi.

XS
SM
MD
LG