Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Arktik geňeşiniň howanyň maýlamagyna garşy çagyryşyna goşuldy


Arktik okeany

ABŞ 11-nji maýda ýedi ýurduň Arktik geňeşiniň polýar regionyny maýladýan howanyň üýtgemegine garşy göreşde tagallalary güýçlendirmek baradaky çagyryşyna goşuldy.

Trampyň administrasiýasynyň ençeme resmisiniň klimat meselesinde ynamsyzlyk bildirmegine garamazdan, ABŞ-ny, Orsýeti, Kanadany, Daniýany, Finlýandiýany, Islandiýany, Norwegiýany we Şwesiýany öz içine alýan topar Arktikada howanyň güýçli maýlamagyna aladalanma bildirýändigini aýdyp bu ýagdaýy regionda adam tarapyndan alnyp barylýan işler bilen baglanyşdyrdy.

Arktika planetanyň beýleki ýerlerinden iki esse güýçli maýlaýar, bu regionyň temperaturasy 20-nji asyryň başyndan bäri ýylda 3.5 gradus ýokarlanyp gelýär we müdimi buzlugyň eremegine sebäp bolýar.

Geňeşiň Alýaskanyň Fairbanks şäherinde geçirilýän maslahatyna baştutanlyk edýän ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson toparyň kömür-turşy gazlary azaltmaklyga garşy göreşe çagyryşyny goldady, emma ABŞ-nyň 2015-nji ýylda baglaşylan Pariž ylalaşygyny berjaý etmegi dowam etdirip-etdirmezligi barada henizem anyk karar gelmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG