Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew “Azattyk media” barada sud ýüzlenmesini yza çekmegi teklip etdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew “Azattyk media” guramasyny suda çekmek boýunça talaplary yza çekmek meselesine seretmegi Baş prokuratura teklip etdi.

Atambaýewiň aýtmagyna görä, ýurduň baş prokurory käbir habar beriş serişdeleriniň Gyrgyzystan respublikasynyň prezidentiniň mertebesine zeper ýetirýän hakykata gabat gelmeýän maglumatlary çap etmegi boýunça “Gyrgyzystanyň prezidentiniň işini kepil geçmek hakynda” kanunyň esasynda suda şikaýat edipdir.

Agzalan habar beriş serişdeleriniň arasynda “Azattyk media”, ýagny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň ady görkezilýär.

30-njy martda Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent bilen duşuşygy boldy.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň administrasiýasy duşuşykdan soň “Azattyk medianyň” işinde pozitiw tendensiýanyň göze ilýändigini, onuň berýän maglumatlarynyň deňagramlylygyň we oýlanyşyklylygynyň artandygyny belledi.

3-nji maýda Gyrgyzystanyň Baş sudunyň Konstitusion edarasy Baş prokuraturanyň “Azattyk” radiosyna we “Zanoza” atly neşire garşy suda ýüzlenmesiniň kanunydygy hakynda 120 adamyň arzasyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG