Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň nebit öndürmegi azaltmak ylalaşygyna 'goşulmagyna garaşylýar'


Balkanabat, ozalky Nebitdag şäherinde ýurduň nebite baý günbatar sebitini özleşdirijilere bagyşlanyp dikilen ýadygärlik

Türkmenistanyň OPEK guramasyna girýän we girmeýän ýurtlaryň nebit öndürmegi azaltmak baradaky ylalaşygyna goşulmagy mümkin diýip, “Roýters” habar gullugy OPEK pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Nebit eksport edýän ýurtlar bolan Orsýet we beýlekiler 1-nji ýanwarda nebitiň öndürilişini alty aýlap gije-gündizde 1,8 million barrele çenli azaltmak barada ylalaşyga geldiler. OPEK bu ylalaşyga nebit öndürýän ýurtlaryň bileleşigine girmeýän ýurtlaryň hem goşulmagyna çagyrýar we 25-nji maýda Wenada bu meselä bagyşlanan konferensiýa geçirmegi planlaşdyrýar.

“Bu konferensiýa Müsür bilen Türkmenistanyň hem ilkinji gezek gatnaşmagyna garaşylýar” diýip, anonim şertlerde gürleşen çeşmeleriň biri “Roýters” habar gullugyna aýdypdyr.

Saud Arabystanynyň energiýa ministri Halid al-Falih geçen aý sebite edýän saparynyň çäginde Türkmenistanda bolanyndan soň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen nebit bazarlary babatda ylalaşyga gelnendigini, olaryň nebit öndürmegi azaltmak talaplaryna eýerjekdiklerini aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de “Roýters” ABŞ-nyň Energiýa departamentine salgylanyp, Türkmenistanyň gije-gündiziň dowamynda 250 müň barrele golaý nebit öndürýändigini belleýär. OPEK guramasynyň başga bir çeşmesiniň ynanjyna görä, eger başga ýurtlar hem nebit öndürmegi azaltmak ylalaşygyna goşulsa, olar uly kemeliş gazanyp bilerler. Ol Türkmenistanyň hem bu ylalaşyga goşulmagyna garaşýandygyny aýdypdyr. Emma resmi Aşgabat bu habara düşündiriş bermekden boýun gaçyrypdyr.

Türkmenistanyň nebit eksport etmek mümkinçiligi, infrastrukturanyň ýoklugy sebäpli, örän çäkli bolmagynda galýar. Ýöne Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda hemişe nebit-gaz öndürijiligini artdyrmak hakyndan gürrüň edilýär. Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň içinde ulanylýan nebit, benzin önümleriniň hem soňky ýyllarda nyrhy ýokarlanýar we golaýda halk içinde benzin bahalarynyň has gymmatladyljagy baradaky aladalar köpeldi.

Mundanam başga, dünýäde energiýa nyrhlarynyň peselmegi, Türkmenistanyň gazdan alýan girdejileriniň düýpli kemelmegi bilen, prezident Berdimuhamedow eksport edilýän önümleri köpeltmegi, ýurduň çig mal-haryt biržasynyň işini güýçlendirmegi talap edip, golaýda bu edaranyň ýolbaşçysyny çalyşdy.

Resmi habarlara görä, Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasnyň daşary ýurtlara satýan harytlarynyň arasynda nebit, benzin önümleri saldamly orun tutýar.

Eýsem şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň OPEK ýurtlarynyňnebit öndürijiligini azaltmak çagyryşyna goşulmagy mümkinmi we bu ýurt üçin mämäni aňladýar?

Türkmenistanyň ozalky energiýa minsitri we bu pudaga jogap beren wise-premýeri Nazar Söýünow 'bu ädimiň diňe syýasy manysyň' bardygyny, ýagny Aşgabadyň OPEK, nebit bilen bagly halkara konferensiýalara gatnaşýandygyny, 'özüniň bardygyny ýene bir gezek görkezmek isleýändigini' aýdýar.

Ozalky ministriň tassyklamagyna görä, Türkmenistan ýylyň dowamynda 8-10 million tonna nebit öndürýär, öndürilen nebitiň 5 million tonnasy içerki bazarda sarp edilýär, nebiti eksport etmek mümkinçiligi bolsa ýok.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň öndürýän gündelik nebitiniň Orsýet, Saud Arabystany, Eýran ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende damja barabardygyny, onsoň bu ýerde türkmen nebitiniň azalmagynyň nebit bahalarynyň ýokarlanmagyndahiç bir manysynyň ýokdugynyaýdýar.

Söýünow OPEK ýurtlarynyň nebitiň dünýä nyrhyny ýokarlandyrmak üçin edýän tagallalarynyň uly bir täsiriniň bolmajakdygyny, sebäbi nebiti esasy sarp ediji ýurtlaryň biri bolan ABŞ-nyň özüniň nebit öndürmegi köpeldip, importy azaldýandygyny, Hytaýda bolsa bu ugurda kesgitsizligiň höküm sürýändigini aýtdy.

Ikinji tarapdan, Söýünowyň pikirine görä, Türkmenistan nebit öndürmegini azaldyp hem bilmez, sebäbi bu alsa real däl.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolaly bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar we hökümet soňky döwürlerde nebit-gaz pudagyndaky iş ýerlerini yzygiderli kemeldýär, galan işgärleriň bolsa aýlyklaryny hem wagtynda töläp bilmeýär. Şol kemeltmeleriň çäginde geçen ýyl Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi ýatyryldy, şeýle-de prezidentiň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň işi bes edildi.

XS
SM
MD
LG