Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus, Horwatiýa we Rumynýa Ýewrowideniýäniň final tapgyrynda çykyş eder


Belarusyň “Naviband” toparynyň 11-nji maýda Kiýewde eden çykyşyndan bir pursat.
Belarusyň “Naviband” toparynyň 11-nji maýda Kiýewde eden çykyşyndan bir pursat.

Belarusyň, Horwatiýanyň we Rumynýanyň aýdymçylary Ýewropanyň iň uly telewizion çäresi – Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek ýurtlaryň hataryna goşuldy.

11-nji maýda bäsleşigiň ýarym finalynyň ikinji tapgyry geçirilensoň, Belarusyň “Naviband” topary, horwat aýdymçysy Žak Hudek (Jacques Houdek) we rumynýaly aýdymçylar Ilinka we Aleks Florea bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge mynasyp boldular.

Bu bäsleşik ukrain paýtagty Kiýewiň halkara sergi merkezinden göni efirde görkezildi.

Bäsleşigiň 13-nji maýda Kiýewde geçiriljek final tapgyrynda çykyş etjek beýleki ýurtlaryň arasynda awstriýaly, bolgariýaly, wengriýaly, daniýaly, ysraýylly, norwegiýaly we niderlandlardan aýdymçylar bar.

Şeýle-de, olaryň hataryna bäsleşigiň ýarym finalynyň birinji tapgyrynda üstünlik gazanan 10 ýurduň aýdymçylary bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň we Ukrainanyň sungat ussatlary goşularlar.

Ukraina geçen ýyl Ýewrowideniýe bäsleşiginiň ýeňijisi bolamak bilen, bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny öz ýurdunda guramalaşdyrmak we onuň final tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe bolupdy.

Bäsleşigiň final tapgyrynda 26 ýurduň aýdymçysynyň ýerine ýetirjek çykyşyndan soň, bäsleşige gatnaşan 42 ýurduň tomaşaçylary we emin agzalary ses bererler. Telewideniýede göni efirde görkeziljek Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine onlarça million adamyň tomaşa etmegine garaşylýar.

11-nji maýda giçlik bäsleşige Makedoniýadan gatnaşan aýdymçy Jana Burçeska emin agzalary we halk tarapyndan berlen sesleriň netijeleriniň mälim edilmegine garaşýan mahaly, onuň duşuşýan ýigidi Burçeskadan özüne durmuşa çykmagy sorady. Burçeska özüne edilen bu teklibi kabul etdi, ýöne final tapgyryna geçip bilmedi.

Ukrainanyň häkimiýetleri bolgariýaly aýdymçy Kristian Kostowyň 2014-nji ýylyň iýunynda Kryma sapar etmegine garşy hiç hili çäre görmejekdiklerini aýdansoň, ol bäsleşigiň 13-nji maýdaky tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Kostowyň Kryma eden sapary Russiýanyň ýarymada goşun iberip, ony anneksiýa etmeginden birnäçe hepde soňa gabat gelipdi.

Ukrainanyň kanunçylygynda ýurduň hökümetine Kiýewden rugsatnama almazdan, Kryma sapar eden adamlara gadagançylyk girizmegine rugsat berilýär. Ýöne Ukrainanyň serhet gullugy Kostowyň Kryma eden saparyny derňänden soň, onuň bu sapary amala aşyranda kämillik ýaşyna ýetmändigini we şol döwürde ýarymada sapar etmek baradaky kanunçylygyň hem güýje girmändigini aýtdy.

Russiýaly aýdymçy Ýuliýa Samoýlowanyň Ýewrowideniýe bäsleşiginde öz ýurdunyň adyndan çykyş etmegine garaşylýardy. Ýöne Kiýew onuň 2015-nji ýylda Krymda sahna çykmak bilen ukrain kanunyny bozandygyny aýdyp, Ukraina sapar etmegine gadagançylyk girizdi.

XS
SM
MD
LG