Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Azerbaýjanyň garaşsyz saýtlary petiklemek kararyny tankytlaýar


ÝB-niň sözçüsi Maýa Kosijansik
ÝB-niň sözçüsi Maýa Kosijansik

ÝB-niň sözçüsi Maýa Kosijansik Azerbaýjanyň sudunyň bäş sany internet neşirini, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Azerýabjan gullugynyň internet saýtyny hemişelik petiklemek baradaky kararyny ýazgaryp çykyş etdi.

Suduň bu karary “häzirki zaman we demokratik jemgyýetlerde azat, dürli we garaşsyz medianyň zerurlygy baradaky talaba gabat gelmeýär" diýip,Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherininiň sözçüsi Kosijansik 14-nji maýda ýaýradan beýanatyndaaýtdy.

Bakuwyň Sabail etrap sudy 12-nji maýda Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ministrliginiň talaby esasynda, bu websaýtlaryň petiklenilmelidigi barada karar çykardy.

XS
SM
MD
LG