Iş hepdesiniň başynda hökümetler we kompaniýalar täze kiber hüjümlere taýýarlanýarlar.
15-nji maýda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri dynç günlerinde bolan köpçülikleýin kiber hüjümleriň gaýtalanmagyndan howatyrlanyp, iş başyna dolanyp bardylar.
“WannaCry” wirusynyň Aziýa ýaýramak howpunyň bardygyny bilermenler çak edýärler.
12-nji maýda başlanan kiber hüjüm dünýäniň 150 ýurdunda Microsoft operasion sistemasynyň köne görnüşlerini ulanýan kompýuterlere hüjüm edip, keselhanalara, banklara, dükanlara, mekdeplere we hökümet edaralaryna zeper ýetirdi.
Ýewropanyň polisiýa edarasy Ýewropolyň maglumatyna görä, pul talap ediji iň uly onlaýn çäre hasaplanylýan bu hüjüm tutuş dünýäde 100 müň gurama we 200 müň çemesi pida zarba urdy.
Ýewropolyň maglumatyna görä, häzirki wagtda günäkärleri ele salmak boýunça halkara derejesinde iş alnyp barylýar.
Dünýäde ululygy boýunça ikinji ykdysadyýeti emele getirýän Hytaýda töleg sistemalary we döwlet gulluklary bilen baglylykda käbir näsazlyklar ýüze çykdy.
Ýaponiýanyň kompaniýalary, şol sanda “Hitachi” we “Nissan” ýüzbe-ýüz bolan problemalary barada habar berdiler, emma olaryň biznes-operasiýalara uly täsir ýetirmändigini aýtdylar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!