Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara guramalary Berdimuhamedowdan aktiwisti boşatmagy soraýarlar


Tussaglykdaky aktiwist Gaspar Matalaýew.
Tussaglykdaky aktiwist Gaspar Matalaýew.

Dünýäde zähmet hukuklarynyň bozulmagyna gözegçilik edýän halkara guramalaryň ençemesi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýörite hat ýollap, tussaglykdaky aktiwist Gaspar Matalaýewiň azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň maglumatyna görä, Matalaýew geçen ýylyň 4-nji oktýabryndan 5-ne geçen gije Lebap welaýatynda tussag edildi. Bu waka agzalýan neşirde Matalaýewiň Farap welaýatynda ençeme adamyň pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýändigi baradaky maglumatynyň çap bolmagyndan iki gün soňa gabat gelipdi.

Azatlyk Radiosy halkara guramalarynyň aktiwist Matalaýewiň boşadylmagy barada türkmen prezidentine eden çagyryşy hakda gürrüňi edilýän hata gol goýanlaryň biri, ýagny “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen söhbetdeş boldy.

Halkara guramalary Berdimuhamedowdan aktiwisti boşatmagy soraýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:48 0:00

XS
SM
MD
LG