Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdoganyň Trampa Siriýa, Gülen, Eýran meselelerinde basyş etmegine garaşylýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.

16-njy maýda amerikan prezidenti Donald Tramp bilen duşuşykda, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň Ankara tarapyndan terroristler diýlip garalýan siriýaly kürtleri ýaraglandyrmakdan saklanmagy üçin, Birleşen Ştatlara basyş ederine garaşylýar.

Ak tamda geçýän duşuşyk Siriýada barýan uruş boýunça halkara derejesinde alnyp barylýan diplomatik işjeňligiň güýçli we çylşyrymly wagtyna gabat gelýär. Türkiýe bilen Birleşen Ştatlar prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy güýçleri goldaýarlar.

Ýöne konfliktiň käbir aspektleri, şeýle hem duşuşykda üns merkezinde durjak beýleki meseleler barada, Ankara bilen Waşingtonyň arasynda agzybirlik ýok.

Ruhany Fethullah Güleniň Türkiýä berilmegi we Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalar bilen baglylykda, Amerikada tutulan türk-eýranly bir tütjaryň boşadylmagy hakda-da, Erdogan Birleşen Ştatlara basyş eder diýlip çaklanýar. Türk prezidenti Güleni geçen iýulda başa barmadyk harby agdarylyşygy gurnamakda günäleýär.

Erdogan Tramp bilen planlaşdyrylan duşuşygyň iki NATO ýaranynyň häzir dartgynly ýagdaýy başdan geçirilýän gatnaşyklarynda “ýol çelgisi” boljakdygyna ynanýandygyny bildirdi.

Ol 12-nji maýda žurnalistlere Tramp bilen alyp barjak gepleşikleriniň Amerikanyň siriýaly kürt ýarym harbylaryny ýaraglandyrmak planynda “böwsülişe” getirmegini umyt edýändigini aýtdy.

YPG ýarym harbylary “Yslam döwletiniň” Siriýadaky iň soňky güýçli ýeri bolan Rakkanyň birnäçe kilometrligine çenli ilerlän arap we kürt söweşijileriniň ýaranlygynda iň güýçli element bolup durýar.

Ýöne türk resmileri YPG bikanun diýip yglan edilen Kürt işçi partiýasy PKK bilen ilteşikli diýýärler.

16-njy maýda Ženewada Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry açylýar. Ýöne bu gepleşiklerde saldamly öňegidişlik bolar öýdülenok. Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen ozal bäş tapgyrda geçirilen gepleşikleriň alty ýyl bäri dowam edýän we 320 müňden agdyk adamyň başyna ýeten konfliktiň soňlanmagynda beren anyk netijesi bolmady.

Golaýda Orsýet, Eýran we Türkiýe Gazagystanda geçen gepleşiklerde Siriýada dört howpsuz zolak döretmek boýunça ylalaşdylar. Gozgalaňçylar bu plany tankytladylar. Birleşen Ştatlar hem Eýranyň munda oýnaýan roluna we çaknyşyklary azaltmak boýunça göz öňünde tutulan öňki niýetleriň başa barmandygyna salgylanyp, ylalaşyga şübheli garaýandygyny mälim etdi.

Bu aralykda geçen aýda geçirilen referendum arkaly öz ygtyýarlyklaryny giňelden Erdogan Türkiýäniň Güleniň yzyna berilmegi baradaky talabyny “soňuna çenli” yzarlajakdygyny aýtdy.

Türk prezidenti geçen ýyl başa barmadyk harby agdarylyşykda Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Güleniň tarapdarlaryny günäkär edýär. Gülen hem munda özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Erdogan şeýle hem Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryndan sypyp, Eýranyň rewolýusiýa sakçylaryna we Tähranyň beýleki guramalaryna kömek eden tütjar Reza Zerrabyň hem boşadylmagy barada iş alyp barýar.

Amerikanyň Jorj Mason uniwersitetiniň professory we Türkiýäniň ozalky prokurory Ahmet S. Ýaýla üstümizdäki hepde “Modern Diplomacy” žurnalynda“ tussaglykdan halas bolmagy üçin, Türkiýe bir ýol tapmasa, Zerrabyň öz garşysyna görkezme berjegini” Erdogan bilýär diýip ýazdy.

Onuň ýazmagyna görä, Erdogan öz talaplaryna gowuşmak üçin, Trampa basyş etmekde Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän möhüm harby howa bazasy Injirligiň Birleşen Ştatlara kireýine berilmeginden peýdalanar.

XS
SM
MD
LG