Sepleriň elýeterliligi

Owgan türkmenleriniň 'Arbaki' toparlary Gunduzda hüjüme geçdi


Owganystanyň demirgazygynda hereket edýän “Arbaki” diýlip atlandyrylýan ýerli toparlaryň biri.

Owganystanyň demirgazygynda “Arbaki” diýlip atlandyrylýan ýerli toparlaryň düzüminde hereket edýän etniki türkmenler Gunduz welaýatynyň Kalaýzal etrabynda hüjüme geçdiler, diýip Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady habar berýär.

Guduz welaýatynyň bu etrabynyň 10 gün mundan öň ekstremistik toparlaryň söweşijileri tarapyndan ele salnandygy habar berildi. Owganystandan gowuşýan maglumatlara görä, hökümet güýçleri bu etraby öz eline geçirmegi entek başarmady.

Hökümet güýçleriniň düzüminde hüjüme geçen ýerli “Arbaki” toparynyň ýolbaşçylaryndan Muhammet Nebi çäräniň 16-njy maýda irden başlanandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myrady Muhammet Nebi komandir bilen söhbetdeş boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG