Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Birleşen Arap Emirlikleri bilen goranmak boýunça täze ylalaşyk baglaşdy


ABŞ Birleşen Arap Emirlikleri bilen Ýemende “Al-Kaýda” garşy göreşde hyzmatdaşlyk alyp barýar.
ABŞ Birleşen Arap Emirlikleri bilen Ýemende “Al-Kaýda” garşy göreşde hyzmatdaşlyk alyp barýar.

ABŞ Birleşen Arap Emirlikleri bilen goranmak boýunça täze ylalaşyga gol çekdi. Birleşen Arap Emirlikleri hem Saud Arabystany ýaly Eýrana tutuş Ýakyn Gündogarda konfliktleri tutaşdyrýan strategik garşydaşy hökmünde garaýar.

Pars aýlagynyň arap döwletleri Trampyň administrasiýasynyň Eýranyň Siriýada, Yrakda, Ýemende, Liwanda ýaragly ýaranlaryna we Bahreýnde hem-de Saud Arabystanynyň nebit öndüriji gündogar welaýatlarynda şaýy musulmanlarakömegini artdyrmagyna üns bermegine garaşýarlar.

“Prezident tutuş regionda uzak wagt bäri dowam edýän konfliktleri çözmek ugrunda has ýakyn işleşmegi umyt edýär” diýip, Ak Tamyň metbugat-wekiliSean Spiser ylalaşygyň yglan edilen güni 16-njy maýda aýtdy.

Ylalaşygyň baglaşylmagy Waşingtona Pars aýlagyna has köp goşun we harby enjam ibermäge rugsat berýär we ABŞ-nyň saudilere, habar berilişine görä, 100 milliard dollarlyk ýarag satmaga taýýarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy iş başyna geçeli bäri, Birleşen Arap Emirlikleri bilen Ýemende “Al-Kaýda” garşy göreşde hyzmatdaşlygyny artdyrdy.

XS
SM
MD
LG