Sepleriň elýeterliligi

Putin Tramp bilen Lawrowyň arasyndaky gepleşigiň ýazgysyny hödürläp biljekdigini aýtdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ak tamda prezident Donald Tramp bilen rus daşary işleri Sergeý Lawrowyň arasyndaky geçirilen gepleşikleriň ýazgysyny hödürläp biljekdigini aýdýar. Şol duşuşygyň dowamynda prezident Trampyň gizlin aňtaw maglumatlary paýlaşandygy aýdylýar.

Putin bu barada 17-nji maýda Russiýanyň Soçi şäherinde Italiýanyň premýer ministri bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

“Eger-de ABŞ administrasiýany munuň mümkindigini öýtse, biz lawrow bilen Trampyň gepleşikleriniň ýazgysyny [amerikan kanunçykaryjylaryna]hödürlemäge taýýar. Elbetde, muny Amerikanyň administrasiýasynyň özi isleýän bolsa” diýip, Putin belledi.

Kremliň ýokary derejeli wekili Ýuriý Uşakow Putiniň duşuşygyň audio görnüşini däl-de, ýazmaça görnüşini göz öňünde tutandygyny takyklaşdyrdy.

ABŞ-nyň mediasy prezident Donald Trampyň Orsýetiň daşary işler ministri bilen geçen hepdede geçiren duşuşygynda ýokary derejede gizlin maglumatlaryň üstüni açandygyny we “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar barada maglumatyň çeşmesini potensial howpuň astyna goýandygyny habar berdi.

Ak Tam “Washington Post”, Reuter we beýleki habar serişdeleri tarapyndan 15-nji maýda çap edilen maglumatlary gyssagly ret etmäge çalyşdy.

Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi “Şu gije peýda bolan maglumatlar ýalňyşdyr” diýdi.

Emma Kongressdäki demokratlar we käbir respublikanlar maglumatyň mälim edilmegini “howatyrlandyryjy”, “howply” we “paýhassyz” diýip atlandyrdylar.

Media maglumatlarynda ady görkezilmedik resmilere salgylanyp, habar berilmegine görä, Trampyň 10-njy maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa we ilçisi Sergeý Kislýaga beren maglumaty ABŞ-nyň partnýor ýurdy tarapyndan aňtaw maglumatlary paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda berlipdir.

Media maglumatlara görä, ady görkezilmedik çeşme partnýor ýurduň öz maglumatynyň başga bir tarapa berilmegi üçin Waşingtona rugsat bermändir.

XS
SM
MD
LG