Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Tramp-Orsýet ilteşigini derňemek üçin ýörite prokuror belledi


Federal derňew edarasynyň ozalky başlygy Robert Mýuller

17-nji maýda ABŞ-nyň Adalat ministrligi 2016-njy ýylda geçirlen prezidentlik saýlawlarynda Donald Tramp bilen Orsýetiň arasynda boldy diýilýän gizlin hyzmatdyşlygy derňemek üçin Federal derňew edarasynyň ozalky başlygy Robert Mýulleri ýörite prokurorlyga belledi.

Orslar noýabrda geçirlen saýlawlaryň Trampyň peýdasyna we Hillari Klintonyň garşysyna netijelener ýaly işler alyp bardy diýilmeginiň garaşsyz derňelmegine talap güýçlenen wagty ýörite prokuroryň bellenmegi Kongresdäki demokratlary hem-de respublikanlary begendirdi.

ABŞ-nyň Baş prokurorynyň orunbasary Rod Rozenştaýn (Rod Rosenstein) özüniň derňewe ýörite prokuror bellemek barada gelen netijesini “saýlawlarda nähilidir bir jenaýata baş goşulandygyna we gaýragoýulmasyz sud edişligiň hökmany suratda boljakdygyna” ynanýandygy üçin däl-de, eýse ol “ýörite geňeşçi, Amerikan halkynyň derňewiň netijelerinden doly derejede kanagatlanmagy üçin zerurdyr” diýip esaslandyrdy.

Rozenştaýn: “Halkyň bähbidi menden bu derňewe garaşsyz hem ygtyýarly adamy ýörite derňewçi edip bellemegi talap edýär” diýdi.

Ýörite prokuror garaşsyz diýip hasaplanýar sebäbi ol derňew işlerini alyp barmak üçin Adalat ministrligine ýa-da ýa-da Ak tam sala salmazdan derňewçileri saýlap seçmäge ygtyýarly. Şeýle-de ol, jenaýatda güman edilýän islendik adamlary sud etmäge ygtyýarly.

Federal derňew edarasy Orsýet bilen ilteşikli hasaplanýan jenaýatlary dereňemek işine geçen ýylda girişipdi. Golaýda, has takygy geçen hepde, Trampyň FDE-niň ozalky başlygy Jeýms Komiýni (James Comey) eýeleýän wezipesinden boşatmagy “Ak tam Adalat ministrliginiň alyp barýan derňewe işlerini bökdeýär” diýen şübheleriň döremegine sebäp bolupdy.

Komiý, Trampyň özünden eden haýyşlarynyň we beýleki gürrüňdeşlikleriniň mazmuny barada öz galdyran belliklerinde agzap geçipdi we bu barada 16-njy maýda dürli habar çeşmelerinde giňişleýin habarlar peýda bolupdy. Öz gezeginde Ak tam, Komiý bilen Trampyň arasynda Flin barada boldy diýilýän gürrüňleri ret etdi.

Şol bir wagtyň özünde, birnäçe kongres liderleri Trampyň Flin derňewiniň bes edilmegini haýyş etmegi adalatyň bökdelmegi diýip häsiýetlendirdiler. Adalatyň bökdelmegi Birleşen Ştatlarda jenaýatçylykdyr.

17-nji maý güni agşama ýetmän, kongresiň düzümindäki üç sany komitet Komiýniň galdyran belliklerini görmegi talap etdiler we onuň Tramp bilen eden gürrüňlerini tassyk etmegini soradylar.

Ýörite prokuroryň bellenmeginiň yz ýany, ýagny 16-njy maýda Tramp beýanat ýaýradyp, ýene-de bir gezek Orsýet bilen öz kampaniýasynyň arasynda hiç hili ilteşigiň bolmandygyny tekrarlady.

Beýanatda: “Giňişleýin derňeweler biziň ozalam bilýän zadymyzy, ýagny meniň kampaniýam bilen haýsydyr bir daşary ýurt edarasynyň arasynda gizlin hyzmatdaşlygyň bolmandygyny tassyk eder. Bu meseläniň basym netijenlenmegini umyt edýärin” diýildi.

Beýanatdan ozal Tramp orsýetli meseläniň habar serişdelerinde gürrüň ediliş mazmunyndan şikaýat edip şeýle diýdi: “Men muny uly ynam bilen nygtaýaryn; menden ozal hiç haçan hiç bir syýasatça şeýle ýowuz hem adalatsyz daralmandy”

Kongres liderleri ýörite şuranyň bellenmegini oňladylar. Demokratlar ýörite geňeşçi barada geçen ýyldan bäri çagyryş edip gelýärdiler. Soňky wagtlar bu çagyryş horuna respublikanlaryň hataryndanam goşulanlar bolupdy.

Senatyň demokrat lideri Çarls Şumer, bu wezipä Mýulleriň bellenilmegi dogry karar diýdi. Mýuller 2001-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli, ýagny respublikanlaryň hem-de demokratlaryň ýurdy dolandyran döwürlerinde, Federal derňew edarasyna başlyklyk edipdi.

Şumer: “Şeýle ýagdaýda ýörite şuranyň iş alyp barmagyna örän uly zerurlyk bardy. Baş prokuroryň orunbasary Rozenştaýn örän dogry karar berdi”, diýdi.

Wekiller palatasynyň demokrat lideri Nänsi Pelosi (Nancy Pelosi) Mýuller barada “örän ynamdar hem-de ýokary derejede sylanýan döwlet işgäri” diýdi. Şeýle-de ol: “ýörite prokuror bu ugruda ilkinji ädim, ýöne bu iň soňky ädimem bolmaly däldir. Mýuller barybir Trampyň gol astyndaky Adalat ministrliginiň gözegçiliginde iş alyp barar” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýet bilen ilteşikli hasaplanýan işi derňeýän, Palatanyň gözegçilik komitetindäki ýokary derejeli demokrat Eliýa Kammingz (Elijah Cummings): “Meniň pikirmçe Mýuller adalatly, çuň hem garaşsyz iş alyp barar. Ol aňsat täsir astynda gälmaz” diýdi.

Palatanyň gözegçilik paneliniň başlygy, respublikan Jeýson Çeýwez (Jason Chaffez): “Şura başlyklyga Mýulleriň bellenmegi örän dogry karar. Ol bu wezipä aňry başy mynasyp. Mýuller köpler tarapyndan giňden kabul ediler” diýdi.

Orsýetli meseläni derňeýän beýleki bir toparyň başlygy, ýagny Senatyň Aňtaw komitetiniň başlygy Riçard Barr, ýörite prokuroryň bellenmegi “örän dogry” karar diýdi. Ol: “Bu karar Amerikan halkyny kanagatlandyrar we hiç kimiň täsiri bolmazdan derňew geçirilýändigine ynam döreder” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary şu ýylyň başynda “Orsýet Amerikanyň prezident saýlawlaryna goşuldy” diýen netijä geldi. Federal derňew edarasynyň barlaglary şeýle maglumatlaryň esasynda işlenip düzülýär. Moskwa bu ýagdaýy öwran-öwran ret edip gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG